-
2 Patyşalar 14:8—10Mukaddes Kitap
-
-
8 Soňra Amazýa Ysraýyl patyşasyna, Ýehuwyň agtygy, Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşa: «Gel, güýç synanyşaly»+ diýip habar ýollady. 9 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş bolsa Ýahuda patyşasy Amazýa şeýle jogap berdi: «Liwanyň ýandagy Liwanyň kedr agajyna: „Gyzyňy ogluma bersene“ diýip, sawçy iberipdir. Emma Liwanyň ýyrtyjy haýwany şol ýandagy depeläp geçipdir. 10 Belki, edomlylary derbi-dagyn edeniň üçin+, özüňe göwnüň ýetýändir. Ýöne gazanan ýeňşiňe guwan-da, öýüňde oturyber. Başyňa bela satyn almak nämä gerek? Ýahudany hem özüň bilen ýok etjek bolýaňmy?»
-