-
2 Patyşalar 14:11—14Mukaddes Kitap
-
-
11 Emma Amazýa gulak asmady+.
Şonda Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş söweşe çykdy. Ol Ýahudanyň+ Beýtşemeş+ şäherinde Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşdi. 12 Ýahudalar ysraýyllardan ýeňlip, öýli-öýüne gaçdylar. 13 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş Ýahuda patyşasyny, Ahazýanyň agtygy, Ýehoýaşyň ogly Amazýany Beýtşemeşde ele salyp, Iýerusalime äkitdi. Ýehoýaş Efraýym derwezesinden+ Burç derwezesine+ çenli Iýerusalimiň diwarynyň 400 tirsek* aralygyny ýumurdy. 14 Ol Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky ähli altyn-kümüşleri, gap-gaçlary aldy. Ýesir alan adamlaryny hem Samariýa äkitdi.
-