Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Patyşalar 7:15—22
    Mukaddes Kitap
    • 15 Huram misden iki sütün ýasady+. Her sütüniň beýikligi 18 tirsekdi, daşyny ýüp bilen ölçäniňde 12 tirsekdi+. 16 Ol misi eretdi⁠-⁠de, iki täç* ýasap, sütünleriň depesinde goýdy. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi. 17 Her sütüniň depesindäki täçler zynjyrly tor bilen bezelipdi+. Täçleriň hersinde ýedi sany zynjyrly tor bardy. 18 Soňra ol naryň şekillerini ýasady. Olary sütünleriň depesindäki täçlere iki setir edip goýdy. Ol iki täji hem şeýdip ýasady. 19 Minaranyň öňünde duran sütünleriň depesindäki täçler çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy, beýikligi dört tirsekdi. 20 Täçleriň aşaky böleginiň tor bilen bezelen güberçek ýeri iki sütüniň üstünde oturdylypdy. Her täjiň daşyndan 200 sany naryň şekili iki setir edip goýlandy+.

      21 Ol sütünleri ybadathananyň minarasynyň+ öňünde goýdy. Sag* tarapdaky sütüne Ýahin*, çep* tarapdaky sütüne bolsa Bowaz* diýip at dakdy+. 22 Sütünleriň ýokarsy çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy. Şeýdip, sütünler bilen bagly işler doly tamamlandy.

  • 2 Patyşalar 25:17
    Mukaddes Kitap
    • 17 Her sütüniň beýikligi 18 tirsekdi*+, depesinde misden ýasalan täç bardy. Täjiň beýikligi üç tirsekdi. Onuň daşyndaky tor we nar şekilleri misdendi+. Iki sütüniň⁠-⁠de ýasalyşy meňzeşdi.

  • 2 Taryh 4:11—13
    Mukaddes Kitap
    • 11 Huram başga⁠-⁠da gaplary, pilçeleri we tabaklary ýasady+.

      Ol hak Hudaýyň öýünde Süleýman patyşanyň tabşyran ähli işlerini tamamlady+. 12 Huram iki sütüni+, olaryň depesindäki käse şekilli täçleri, olary bezemek üçin iki sany zynjyrly tory+, 13 sütünleriň depesindäki käse şekilli täçleri+ bezemek üçin, şol torlara iki setir edip dakar ýaly 400 sany naryň şekilini+,

  • Ýermeýa 52:22, 23
    Mukaddes Kitap
    • 22 Sütüniň depesinde misden ýasalan täç bardy. Täjiň beýikligi bäş tirsekdi*+. Onuň daşyndaky toruň we naryň şekilleri misdendi. Ikinji sütün hem birinji sütün ýaly narlar bilen bezelipdi. 23 Onda 100 sany nar bardy+, ýöne 96⁠-⁠sy görünýärdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş