-
2 Musa 23:32Mukaddes Kitap
-
-
32 Olaryň özleri bilen-de, taňrylary bilen-de äht baglaşmaň+.
-
-
2 Musa 34:15, 16Mukaddes Kitap
-
-
15 Şol ýurduň halklary bilen äht baglaşmaň. Ýogsam olar öz taňrylaryna sežde edip*+, gurbanlyk berende, sizi hem çagyrarlar. Siz hem olaryň gurbanlyklaryndan iýersiňiz+. 16 Ogullaryňyza olaryň gyzlaryny alyp berersiňiz+. Gelinleriňiz öz taňrylaryna sežde edende, ogullaryňyzy hem olara sežde etdirerler+.
-
-
Ýuşa 23:12, 13Mukaddes Kitap
-
-
12 Emma Hudaýdan ýüz öwrüp, daş-töweregiňizde ýaşaýan halklara+ goşulyp, olar bilen gatnaşsaňyz, garyndaşlyk açsaňyz+, 13 bilip goýuň, Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary ýurtdan kowup çykarmaz+. Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy ýurdunda gyrlyp gutarýançaňyz, olar size duzak hem tor, arkaňyza urlan gamçy+, gözüňize dürtülen tiken ýaly bolar.
-