-
Nehemýa 7:61—65Mukaddes Kitap
-
-
61 Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Imerden gaýdyp gelen, ýöne tiresiniň hem-de aslynyň ysraýyllardandygyny subut edip bilmedikler şulardy+: 62 Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesli 642 adam. 63 Ruhanylaryň nesli: Habaýyň, Hakosyň+ nesli we gileadly Barzyllanyň gyzyna öýlenip, olaryň adyny alan Barzyllanyň+ nesli. 64 Olar aslynyň kimlerdendigini bilmek üçin nesil daragtyndan tireleriniň adyny gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçin olary ruhanylyk borjundan aýyrdylar*+. 65 Häkim*+ olara urymy we tummymy*+ ulanýan ruhany tapylýança, mukaddes sadakalardan+ iýmeli däldigini aýtdy.
-