-
Hydyr 2:59—63Mukaddes Kitap
-
-
59 Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Imerden gaýdyp gelen, ýöne tiresiniň hem-de aslynyň ysraýyllardandygyny subut edip bilmedikler şulardy+: 60 Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesli 652 adam. 61 Ruhanylaryň nesli: Habaýyň, Hakosyň nesli+ we gileadly Barzyllanyň gyzyna öýlenip, olaryň adyny alan Barzyllanyň nesli+. 62 Olar aslynyň kimlerdendigini bilmek üçin nesil daragtyndan tireleriniň adyny gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçin olary ruhanylyk borjundan aýyrdylar*+. 63 Häkim* olara urymy we tummymy*+ ulanýan ruhany tapylýança, mukaddes sadakalardan iýmeli däldigini+ aýtdy.
-