-
Ester 3:8—11Mukaddes Kitap
-
-
8 Haman Haşaýar patyşa: «Siziň golastyňyzdaky welaýatlarda+ bir millet bar+. Kanunlary beýleki halklaryňkydan tapawutlanýar, olar patyşanyň permanyna tabyn bolmaýar. Beýle ýagdaýa ýol bermek patyşa bähbitli däldir. 9 Eger patyşa makul bilse, olary gyrmak hakynda perman çykarylsyn. Men emeldarlara gazna üçin 10 000 batman* kümüş bererin*» diýdi.
10 Şonda patyşa möhürli ýüzügini+ çykaryp, ýehudylaryň duşmany agaglardan+ Hamedatyň ogly Hamana+ berdi. 11 Patyşa: «Saňa kümşi hem, şol halky hem berýärin, olara isläniňi et» diýdi.
-