- 
	                        
            
            Zebur 53:sözbaşy—6Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Mahalot*. Maskil*. Dawudyň aýdymy. 53 Akylsyz adam içinden: «Ýehowa ýok»+ diýýär. Erbetler hilegärlik we ýigrenji işleri edýär, Ýagşylyk edýän ýok+. 3 Olaryň bary ýoldan çykdy, Ählisi azdy. Ýagşylyk edýän ýok, Ýekejesi-de ýok+. 4 Ýamanlyk edýänleriň düşünjesi ýokmy? Olar halkymy çörek ýaly lak-luk atýarlar, Ýehowany çagyrmaýarlar+. 5 Olar gorkup titreşer, Dünýä ineni bäri şeýle gorkan däldirler*. Hudaý halkyna topulanlaryň süňküni pytradar. Ysraýylyň duşmanlary masgara bolar, Sebäbi Ýehowa olara garşy çykar. 6 Goý, Ysraýylyň halasgäri Siondan gelsin!+ Ýehowa ýesir düşen halkyny yzyna getirer. Goý, Ýakup şatlansyn, Ysraýyl begensin! 
 
-