4 Ysaw ylgap gelip, Ýakuby gujaklap ogşady; olar aglaşdylar. 5 Ysaw aýallary we çagalary görüp: «Bular kim?» diýip sorady. Ýakup: «Olary maňa* Hudaý berdi»+ diýdi.
«Gudratygüýçli Hudaý Kengan ýurdundaky Luzda maňa görnüp, ak pata berdi+. 4 Ol maňa: „Seni ogul-gyzly edip, nesliňi köpelderin, senden uly millet dörederin+, şu topragy nesliňe ebedilik mülk edip bererin“ diýipdi+.