-
Ýuşa 7:24, 25Mukaddes Kitap
-
-
24 Ýuşa bilen ysraýyllar Zera ogly Ahany+, onuň alan kümşüni, gymmatbaha donuny, bir tokga altynyny+, ogul-gyzlaryny, öküzlerini, eşeklerini, maýda mallaryny, çadyryny we ähli zadyny Akor jülgesine+ äkitdiler. 25 Ýuşa Ahana: «Näme üçin başymyza bela getirdiň?+ Indi Ýehowa öz başyňa bela getirer» diýdi. Soňra bütin halk olary daşlady+, jesetlerini bolsa ýakdylar+. Şeýlelikde, olaryň ählisi daşlanyp öldürildi.
-
-
Ester 9:24, 25Mukaddes Kitap
-
-
24 Ähli ýehudylaryň duşmany agaglardan+ Hamedatyň ogly Haman+ ýehudylary gyrmak üçin hile gurupdy+. Olary aljyraňňylyga salmak we heläk etmek üçin bije*+ atdyrypdy. 25 Emma Ester patyşanyň huzuryna bardy. Patyşa: «Goý, ýehudylara garşy guran hilesi+ öz başyna gelsin» diýip, perman çykardy+. Haman bilen ogullaryny pürsden asdylar+.
-