-
1 Patyşalar 21:20, 21Mukaddes Kitap
-
-
20 Ahap Ylýasy görende: «Bäh, duşmanym meni ahyr tapypdyr-ow!»+ diýdi. Ylýas: «Hawa, tapdym. Hudaý şeýle diýýär: „Sen Ýehowanyň öňünde nejis işleri etmegiňi goýmadyň*+. 21 Şonuň üçin başyňa betbagtçylyk getirerin, seni we maşgalaňdaky ähli erkek göbeklileri+, hatda ejiz we gowşak adamlary hem Ysraýyldan ýok ederin+.
-
-
2 Taryh 25:15, 16Mukaddes Kitap
-
-
15 Şonda Ýehowanyň Amazýa gahary gelip, ýanyna pygamberini iberdi. Pygamber: «Sen näme üçin halkyny gorap bilmedik taňrylara sežde edýäň?»+ diýdi. 16 Ol heniz gepläp durka, patyşa: «Kes sesiňi!+ Patyşa maslahat berer ýaly, sen kim bolupsyň?+ Ýene bir agyz gepläýseň, janyňy alaryn!» diýdi. Şonda pygamber: «Butlara sežde edip, maslahatyma gulak asmandygyň üçin, Hudaý seni heläk eder»+ diýdi-de, sesini çykarman durdy.
-