-
1 Musa 33:12—14Mukaddes Kitap
-
-
12 Soňra Ysaw: «Indi ýola düşeliň. Men öňüňizden ýöräp giderin» diýdi. 13 Emma Ýakup: «Agam, kiçi çagalarym bar+. Owlak-guzuly goýunlar, göleli sygyrlar hem maňa alada, olary bir günde gyssap äkitsek, bary haram öler. 14 Şonuň üçin sen gidiber. Men çagalar bilen mal-gara görä, ýuwaş-ýuwaşdan gyssanman bararyn. Seniň bilen Segirde görşeris»+ diýdi.
-
-
5 Musa 22:4Mukaddes Kitap
-
-
4 Biriniň eşegi ýa öküzi ýolda ýykylyp ýatan bolsa, görmediksirän bolup geçmäň. Ildeşiňize malyny galdyrmaga kömekleşiň+.
-
-
5 Musa 25:4Mukaddes Kitap
-
-
4 Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň+.
-