27 Emma zaýalanýan çöregi däl, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän çöregi almaga jan ediň+. Size şol çöregi Ynsan ogly berip biler, sebäbi şeýle ygtyýary* Ynsan ogluna Atamyz, ýagny Hudaýymyz berdi»+ diýdi.
9 Baýajak bolýanlar bolsa synaga, duzaga+, akylsyz we erbet höwesleriň toruna düşüp, heläkçilige we ölüme uçraýandyr+. 10 Sebäbi bar belanyň körügi* pul söýgüsidir. Käbirleri puluň yşkyna düşüp, imanyny gowşatdylar we köp görgi gördüler+.