-
1 Şamuwel 19:4Mukaddes Kitap
-
-
4 Ýonatan kakasynyň ýanynda Dawudy öwüp+, şeýle diýdi: «Şa hezretleri, guluň Dawuda ýamanlyk etme, sebäbi Dawutdan hiç hili ýamanlyk görmediň. Ol elinden gelse, saňa diňe ýagşylyk etdi.
-
-
1 Şamuwel 25:23, 24Mukaddes Kitap
-
-
23 Abygaýyl Dawudy gören badyna, eşekden düşdi-de, dyza çöküp, tagzym etdi. 24 Soňra Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Hojaýyn, iki agyz sözüm bar, rugsat berseň, aýdaýyn. Ähli bolan zada men günäkär.
-
-
Ester 4:13, 14Mukaddes Kitap
-
-
13 Ol hem Estere şeýle diýdi: «Patyşanyň maşgalasy bolanyň üçin, ýehudylardan diňe özüň halas bolaryn öýtme. 14 Şeýle ýagdaýda dymsaň, ýehudylara gutulyş hem kömek başga ýerden geler+, emma sen we dogan-garyndaşlaryň ýok bolup gider. Kim bilýär, belki, sen halkyňy halas etmek üçin patyşanyň aýaly bolansyň»+.
-