- 
	                        
            
            Matta 12:15—18Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        15 Isa muny bilip, başga ýere gitdi. Köp adamlar hem Isanyň yzyna düşdi+. Şonda Isa syrkaw adamlary sagaltdy. 16 Ýöne Isa özi hakda hiç kime gürrüň bermezligi berk tabşyrdy+. 17 Şeýdip, Işaýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi: 18 «Ine, meniň saýlanym, meni razy edýän söýgüli gulum!+ Men oňa ruhumy bererin+, ol halklara adalatyň nämedigini öwreder. 
 
-