26 Olar bir öküzçäni saýlap böleklediler-de, irdenden günortana çenli Bagaly çagyryp: «Eý Bagal, jogap ber!» diýip gygyryşdylar. Emma ne jogap boldy, ne-de bir ses çykdy+. Olar guran gurbanlyk ojagynyň* daşyndan yraň atyşyp aýlanýardylar.
37 Şonda Assiriýa patyşasy Sanherip Ninewiýa+ dolanyp, ýurdunda galdy+. 38 Ol öz taňrysy Nisrohyň buthanasynda sežde edip durka, ogullary Adrammälik bilen Şareser ony gylyçdan geçirdiler+. Olar Ararat ýurduna+ gaçyp gitdiler. Sanheribiň ýerine ogly Esarhadon+ patyşa boldy.
5 Deňizçiler gorkudan ýaňa öz taňrylaryny çagyrdylar. Olar gäminiň ýüküni ýeňletmek üçin, ähli zatlary deňze taşlap başladylar+. Ýunus bolsa gäminiň ammaryna* düşüp, agyr uka gidipdi.