27 Ýotam+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýeruşah Sadygyň gyzydy+. 2 Ýotam kakasy Uzyýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. Emma ol kakasy ýaly, Ýehowanyň ybadathanasyna girjek bolmady+. Halk bolsa henizem erbet işleri edýärdi.