16 «Ynsan ogly, bir taýak alyp, ýüzüne: „Ýahudanyň we ýanyndaky* ysraýyl halkynyň taýagy“+ diýip ýaz; soňra başga bir taýagy alyp: „Ýusubyň, ýagny Efraýymyň we ýanyndaky ysraýyl halkynyň taýagy“+ diýip ýaz.
19 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men Efraýymyň elindäki Ýusubyň we ýanyndaky ysraýyl taýpalarynyň taýagyny alyp, Ýahudanyň taýagy bilen birleşdirerin. Olary bir taýak ederin+, olar meniň elimde bir bolar“.