-
Ýermeýa 4:19Mukaddes Kitap
-
-
19 Wah janym*, wah janym!
Köňlüm gan aglaýar,
Ýüregim para-para bolýar!
-
-
Ýermeýa 8:18, 19Mukaddes Kitap
-
-
18 Derdime derman ýokdur,
Ýüregim ýaralydyr.
19 Halkymyň gyzy uzak ýurtdan
Zaryn ses bilen kömek soraýar:
«Ýehowa Sionda dälmi?
Sionyň patyşasy ýokmy?»
«Olar näme üçin guýma butlara,
Dereksiz, ýat taňrylara sežde edip, meni ynjatdylar?»
-
-
Ýermeýa 9:1Mukaddes Kitap
-
-
9 Käşgä başym guýy,
Gözlerim çeşme bolsady!+
Halkymyň heläk bolanlary üçin
Gije-gündiz aglardym.
-