-
Ýuşa 10:8—14Mukaddes Kitap
-
-
8 Ýehowa Ýuşa: «Gorkma+, olary eliňe berýärin+. Hiç biri saňa garşy çykyp bilmez»+ diýdi. 9 Ýuşa Gilgaldan çykdy-da, uzak gije ýöräp, duşmanyň üstüne duýdansyz döküldi. 10 Ýehowa bolsa olary aljyratdy+, ysraýyllar Gibgonda duşmanlaryň köpüsini gyrdylar. Soňra olary Beýthoronyň ýoly bilen kowalap, Azeka we Makkeda çenli gyrdylar. 11 Duşmanlar ysraýyllardan gaçyp, Beýthorondan düşüp barýarka, Ýehowa Azeka çenli güýçli jöwenek* ýagdyryp, olary heläk etdi. Jöwenekden ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden köp boldy.
12 Ýehowa ysraýyllaryň öňünde amorlary derbi-dagyn etdi. Şol gün Ýuşa halkyň öňünde Ýehowa şeýle dileg edipdi:
«Gün Gibgonyň üstünde saklansyn!+
Aý hem Aýalon jülgesinde dursun!»
13 Halk duşmany ýeňýänçä, Gün hem, Aý hem ýerini üýtgetmedi. Gün ýaşman, uzakly gün süýr depede durdy. Şol waka hakda Ýaşer kitabynda+ hem aýdylýar. 14 Ýehowa ynsanyň dilegine jogap berip, hiç haçan şeýle gudrat görkezmändi+. Şol gün Ýehowa ysraýyllar üçin söweşdi+.
-
-
1 Taryh 14:10—16Mukaddes Kitap
-
-
10 Dawut Hudaýdan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady. Ýehowa: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+. 11 Şonda Dawut Bagal-perazime+ çozup, piliştlileri derbi-dagyn etdi. Dawut: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, hak Hudaý duşmanlarymy elime berip, derbi-dagyn etdi» diýdi. Şol ýere Bagal-perazim* diýip at goýdular. 12 Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawudyň buýrugy bilen, olaryň ählisini ýakdylar+.
13 Biraz wagtdan piliştliler ýene-de gelip, jülgede ýaşaýanlaryň üstüne çozdular+. 14 Dawut ýene Hudaýa ýüz tutdy, emma hak Hudaý: «Piliştlileriň öňünden däl-de, arka tarapyndan aýlanyp, agaçlaryň* öňünden hüjüm et+. 15 Agaçlaryň üstünden aýak sesine meňzeş şygyrdy eşideniňde, hüjüme geç. Hak Hudaý Pilişt goşunyny derbi-dagyn etmek üçin öňüňden ýörär»+ diýdi. 16 Dawut ähli zady hak Hudaýyň tabşyryşy ýaly etdi+. Olar piliştlileri Gibgondan Gezere+ çenli gyrdylar.
-