-
2 Patyşalar 18:19—25Mukaddes Kitap
-
-
19 Baş şerapçy olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, Hizkiýa aýdyň: „Assiriýanyň beýik patyşasy şeýle diýýär: „Sen nämä daýanýaň?+ 20 „Men söweşe ökde, güýç-kuwwatym bar“ diýýäň, ýöne aýdýanyň boş söz. Kime bil baglap, maňa garşy çykdyň?+ 21 Sen Müsüre, epilen gamşa bil baglaýansyň+. Gamşa söýenseň, gamyş eliňe çümüp, aýaňy keser. Müsür faraonyna bil baglan adamyň hem görjegi şudur. 22 Belki: „Biz Ýehowa Hudaýymyza bil baglaýarys“+ diýýänsiňiz. Hizkiýa Ýahuda we Iýerusalim ilatyna: „Iýerusalimdäki gurbanlyk ojagynyň* öňünde sežde ediň“+ diýipdi. Onda näme üçin ol Hudaýyňyzyň seždegählerini we gurbanlyk ojaklaryny aýyrdy?“+ 23 Sen meniň hökümdarym Assiriýa patyşasy bilen jedel etjekmi? Saňa 2 000 at bersem, ata çykar ýaly nöker tapyp bilermiň?+ 24 Müsüriň söweş arabalaryna we atlylaryna bil baglasaň-da, hökümdarymyň iň pes häkimine gaýtawul berip bilmersiň! 25 Onsoňam, bärik Ýehowadan birugsat gelendirin öýdýäňmi? Ýehowanyň özi maňa: „Bar, şol ýurda çoz-da, ýer bilen ýegsan et“ diýdi».
-
-
2 Patyşalar 19:10Mukaddes Kitap
-
-
10 «Ýahuda patyşasy Hizkiýa aýdyň: „Sen Hudaýyňa bil baglama, „Iýerusalim Assiriýa patyşasynyň eline berilmez“ diýen sözlerine aldanma+.
-