Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Taryh 5:13
    Mukaddes Kitap
    • 13 Surnaýçylar bilen aýdymçylar: «Ol ýagşydyr, wepaly söýgüsi* ebedidir»+ diýip, Ýehowany şöhratlandyrýardylar. Surnaýlaryň, bürünç çanlaryň we saz gurallaryň sesi ýaňlanyp durka, Ýehowany şöhratlandyryp, alkyş aýdýardylar. Şonda ybadathanany, ýagny Ýehowanyň öýüni bulut gaplap aldy+.

  • Hydyr 3:11
    Mukaddes Kitap
    • 11 Olar Ýehowany şöhratlandyryp, alkyş okap+: «Ol ýagşydyr, Ysraýyla wepaly söýgüsi* ebedidir»+ diýip, gezekli⁠-⁠gezegine aýdym aýdyp başladylar. Soňra tutuş halk batly ses bilen Ýehowany şöhratlandyrdy, sebäbi Ýehowanyň öýüniň düýbi tutulypdy.

  • Zebur 106:1
    Mukaddes Kitap
    • 106 Ýaha alkyş aýdyň!*

      Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr+,

      Wepaly söýgüsi* ebedidir+.

  • Işaýa 12:4
    Mukaddes Kitap
    •  4 Şol gün şeýle diýersiňiz:

      «Ýehowa alkyş aýdyň, adyny çagyryň!

      Gudratly işlerini milletlere jar ediň+,

      Adynyň beýikdigini yglan ediň!+

  • Mikaý 7:18
    Mukaddes Kitap
    • 18 Aman galan halkynyň+ ýazyklaryny bagyşlaýan,

      Günälerini geçýän seniň ýaly Hudaý barmy?+

      Alla hemişe gaharlanyp ýörmez,

      Sebäbi ol ýagşylyk etmegi* gowy görýär+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş