17 Sadykýar patyşa onuň ýanyna adam ýollady we köşgüne getirdip, gizlinlikde soraga tutdy+. Patyşa: «Ýehowa bir zat aýtdymy?» diýip sorady. Ýermeýa: «Hawa, aýtdy!» diýip jogap berdi. Ol sözüni dowam edip: «Sen Wawilon patyşasynyň eline tabşyrylarsyň!»+ diýdi.
5 Emma haldeý goşuny olaryň yzyndan kowup, Sadykýary Ýerihon düzlüginde ele saldy+. Olar Sadykýary tutup, Hamat+ ýurdunyň Ribla+ şäherine, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň huzuryna getirdiler. Ol hem Sadykýaryň üstünden höküm çykardy.