- 
	                        
            
            Ýermeýa 21:7Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        7 Ýehowa şeýle diýýär: „Mergiden, gylyçdan we açlykdan ölmedik her kesi: Ýahuda patyşasy Sadykýary, gul-gyrnaklaryny we şäher ilatyny Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň eline bererin. Olary duşmanlarynyň we janynyň kastyna çykanlaryň eline tabşyraryn+. Patyşa olaryň ählisini gylyçdan geçirer. Olara haýpy gelmez, ýüregi awamaz, rehimi inmez“+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Hyzkyl 12:12, 13Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        12 Olaryň baştutany goş-golamyny egnine alyp, garaňkyda ýola düşer. Diwary oýup, goş-golamyny daşary çykarar+. Aýagynyň astyny* görmez ýaly ýüzüni ýapar. 13 Onuň üstüne torumy taşlaryn, ol meniň toruma düşer+. Men ony Wawilona, haldeýleriň ýurduna getirerin. Ýöne ol ýurdy gözi bilen görüp bilmez. Şol ýerde dünýäden öter+. 
 
-