Ýermeýa
34 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* ähli goşuny, golastyndaky ähli patyşalyklary we halklary bilen Iýerusalime, onuň galalaryna garşy söweşýärdi+. Şonda Ýehowa Ýermeýa pygamber bilen gepleşdi:
2 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Git, Ýahuda patyşasy Sadykýara+ Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men şäheri Wawilon patyşasynyň eline bererin. Ol şäheri otlar+. 3 Sen ondan gaçyp gutulyp bilmersiň. Seni tutup, onuň eline bererler+. Wawilon patyşasyny öz gözüň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşersiň. Soňra sen Wawilona äkidilersiň“+. 4 Eý Sadykýar, Ýahuda patyşasy, Ýehowanyň sözüni diňle! Ýehowa sen hakda şeýle diýýär: „Sen gylyçdan ölmersiň, 5 asudalykda ölersiň+. Ata-babalaryň üçin, senden öň ýaşan patyşalar üçin ýakymly ysly tütetgi ýakyşlary ýaly, seniň üçin hem ýakymly ysly tütetgi ýakarlar. Adamlar: „Waý, patyşahym!“ diýip, seniň üçin aglarlar. Sebäbi Ýehowa: „Muny men aýdýaryn“ diýýär“».
6 Ýermeýa pygamber şu sözleri Iýerusalimde Ýahuda patyşasy Sadykýara aýtdy. 7 Şol wagt Wawilon patyşasynyň goşuny Iýerusalime garşy, Ýahudanyň basylyp alynmadyk şäherleri+ bolan Lakyşa+ we Azeka+ garşy söweşýärdi. Ýahudanyň basylyp alynmadyk galalaryndan diňe şolar galypdy.
8 Sadykýar patyşa Iýerusalimiň halky bilen äht baglaşyp, gullary azat etmegi+ yglan edende, Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. 9 Ähte görä her kes ýewreý guluny we gyrnagyny azat etmelidi, ýehudy ildeşini gulçulykda saklamaly däldi. 10 Muňa ähli hanlar we halk tabyn boldular. Her kim gul-gyrnaklaryny azat etmek, olary gulçulykda saklamazlyk baradaky baglaşan ähtini berjaý etdiler. Olar gulak asyp, gullaryny azatlyga çykardylar. 11 Emma azat eden gul-gyrnaklaryny yzyna getirip, ýene-de olary gul etdiler. 12 Şonda Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. Ýehowa şeýle diýdi:
13 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle aýdýar: „Ata-babalaryňyzy Müsürden, gul bolan ýurdundan çykaran günüm+ olar bilen äht baglaşyp+, şeýle diýipdim: 14 „Özüni gul edip satan, size alty ýyl hyzmat eden ýewreý ildeşiňizi ýedinji ýyl azatlyga goýberiň“+. Emma ata-babalaryňyz meni diňlemediler, maňa gulak asmadylar. 15 Şu gün siz erbet ýoluňyzdan döndüňiz we ildeşiňizi azat edip, meniň öňümde dogry iş etdiňiz. Meniň huzurymda, adymy göterýän öýde äht baglaşdyňyz. 16 Emma siz sözüňizden dändiňiz. Gul-gyrnaklaryňyzy islegine görä azat etdiňiz. Indi bolsa olary yzyna getirip, ýene-de gul etdiňiz. Meniň adyma dil ýetirdiňiz“+.
17 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Siz maňa gulak asmadyňyz, doganyňyzy, ildeşiňizi azat etmediňiz+. Emma men size şeýle bir „azatlyk“ bererin welin, siz gylyçdan, açlykdan+ we mergiden ölersiňiz — muny Ýehowa aýdýar. — Ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary sizi görenlerinde gorkudan ýaňa sandyrarlar+. 18 Göläni ikä bölüp, onuň bölekleriniň arasyndan geçen+ we meniň huzurymda baglaşan ähtini bozan adamlary, 19 göläniň bölekleriniň arasyndan geçen Ýahuda bilen Iýerusalimiň hanlaryny, köşk emeldarlaryny, ruhanylaryny we tutuş ýurduň halkyny 20 duşmanlaryna, janlarynyň kastyna çykanlaryň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara, ýyrtyjy haýwanlara şam bolar+. 21 Ýahuda patyşasy Sadykýar bilen hanlaryny duşmanlaryna, janynyň kastyna çykanlara we wagtlaýyn yza çekilen+ Wawilon patyşasynyň goşunyna bererin“+.
22 Men buýruk berip, olary şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere hüjüm edip, ony basyp alarlar we otlarlar+. Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin+ — muny Ýehowa aýdýar».