Ýermeýa
33 Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda+ tussaglykda otyrka, Ýehowa onuň bilen ikinji sapar gepleşdi: 2 «Ýeri ýaradan Ýehowa, oňa şekil berip, düýbüni tutan Ýehowa, ady Ýehowa Hudaý şeýle diýýär: 3 „Meni çagyr, jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik işleriňi we akylyňa sygmajak zatlary höwes bilen gürrüň bereýin+.
4 Gabaw depelerinden we duşman ýaraglaryndan weýran bolan şäherdäki öýler hem-de Ýahuda patyşalarynyň köşgi hakda Ysraýyl Hudaýy Ýehowa habar berýär+. 5 Şeýle-de ol haldeýler bilen söweşmäge giden halk barada, Hudaýyň gahar-gazabyndan ýaňa jesetlerden dolan şäher barada hem aýdýar. Alla şäheriň zalym adamlaryndan ýüz öwrüpdi. 6 Hudaý şeýle diýýär: „Men olary bejererin, sagaldaryn+, dikelderin, parahatlyk we abadançylyk* bererin+. 7 Men Ýahudanyň we Ysraýylyň ýesir düşenlerini gaýtaryp getirerin+. Olara öňküsi ýaly bereket bererin+. 8 Olaryň maňa garşy eden günäsini, ähli ýazygyny we ýalňyşyny bagyşlaryn+, olary aklaryn+. 9 Men şäheriň adyny eşidip begenerin. Ol milletleriň arasynda bezegim bolar+. Şähere eden ýagşylyklarymy eşiden ýer ýüzüniň milletleri maňa alkyş aýdarlar. Milletler şähere beren parahatlygymy we ýagşylygymy görüp+, gorkudan ýaňa titreşerler“+.
10 Ýehowa şeýle diýýär: „Siziň: „Haraba öwrüler, ol ýerde ne adam, ne mal-gara galar“ diýen ýurduňyzda, Ýahuda galalarynda, boşap galan, ilatsyz, mal-garasyz Iýerusalimiň köçelerinde 11 şatlyk we gülki sesi+, ýigit bilen gelniň sesi eşidiler. Adamlar: „Serkerdebaşy Ýehowa şükür ediň, sebäbi Ýehowa ýagşydyr+, wepaly söýgüsi* ebedidir!“+ diýerler.
Olar Ýehowanyň öýünde şükür gurbanlyklaryny bererler+. Sebäbi men ýesirleri watanyna getirerin. Olaryň ýagdaýy öňküsi ýaly bolar“. Muny Ýehowa aýdýar».
12 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Haraba bolup ýatan, janly-jemendesiz, mal-garasyz şäherleriň ählisinde çopanlar sürüsini bakar ýaly öri meýdanlary bolar+.
13 Daglardaky we düzlükdäki şäherlerde, günorta şäherlerinde, Benýamin ýurdunda, Iýerusalimiň daş-töwereginde+, Ýahudanyň galalarynda+ çopanlar ýene-de goýunlaryny sanarlar — muny Ýehowa aýdýar.
14 Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl we Ýahuda nesline beren wadamy ýerine ýetirjek günlerim geler+. 15 Şonda Dawudyň neslinden bir dogruçyl şaha* çykararyn+. Ol ýurtda adalatly we dogruçyl patyşa bolar+. 16 Şol günlerde Ýahuda halas bolar+, Iýerusalim asuda ýaşar+. Onuň adyna: „Dogruçyllyk Ýehowadandyr“+ diýerler“».
17 Ýehowa şeýle diýýär: «Dawudyň nesli Ysraýyl tagtynda hemişe oturar+. 18 Meniň huzurymda ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny ýakjak we beýleki sadakalary berjek lewi ruhanylar hemişe bolar».
19 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 20 «Ýehowa diýýär: „Gün wagtynda dogmaz ýaly, garaňky düşmez ýaly edip bilseňiz, gündiz we gije bilen baglaşan ähtimi bozup bilseňiz+, 21 şonda menem gulum Dawut bilen baglaşan ähtimi bozup+, tagtda ogullary oturmaz ýaly ederin+. Men hyzmatkärlerim, lewi ruhanylar bilen baglaşan ähtimi hem bozaryn+. 22 Gulum Dawudyň neslini*, maňa hyzmat edýän lewileri sansyz-sajaksyz ýyldyzlar* we deňiz kenaryndaky çägeler ýaly köpelderin“».
23 Ýehowa ýene-de Ýermeýa bilen gepleşdi: 24 «Adamlaryň: „Ýehowa saýlan iki maşgalasyny taşlady“ diýýänlerini eşitmediňmi? Olar meniň halkymy sylamaýarlar, millet hasabynda görmeýärler.
25 Ýehowa şeýle diýýär: „Gündiz we gije baradaky ähtimiň+, ýeriň hem gögüň kanunlarynyň üýtgemeýşi ýaly+, 26 Ýakubyň we gulum Dawudyň neslinden hiç haçan ýüz öwürmerin. Dawudyň nesli Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesilleriniň üstünden höküm sürer. Olara rehim ederin+, ýesirlerini yzyna getirerin“»+.