Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Patyşalar 25:6, 7
    Mukaddes Kitap
    • 6 Haldeýler Sadykýary tutup+, Ribla şäherine, Wawilon patyşasynyň ýanyna äkitdiler. Sadykýara höküm çykaryp, 7 gözüniň alnynda ogullaryny öldürdiler. Soňra Nawuhodonosor Sadykýaryň gözlerini oýup, el⁠-⁠aýagyny mis gandal bilen baglap, Wawilona alyp gitdi+.

  • Ýermeýa 37:17
    Mukaddes Kitap
    • 17 Sadykýar patyşa onuň ýanyna adam ýollady we köşgüne getirdip, gizlinlikde soraga tutdy+. Patyşa: «Ýehowa bir zat aýtdymy?» diýip sorady. Ýermeýa: «Hawa, aýtdy!» diýip jogap berdi. Ol sözüni dowam edip: «Sen Wawilon patyşasynyň eline tabşyrylarsyň!»+ diýdi.

  • Ýermeýa 39:5—7
    Mukaddes Kitap
    • 5 Emma haldeý goşuny olaryň yzyndan kowup, Sadykýary Ýerihon düzlüginde ele saldy+. Olar Sadykýary tutup, Hamat+ ýurdunyň Ribla+ şäherine, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň huzuryna getirdiler. Ol hem Sadykýaryň üstünden höküm çykardy. 6 Wawilon patyşasy Riblada Sadykýaryň gözüniň alnynda ogullaryny öldürdi we Ýahudanyň ähli beglerini hem öldürdi+. 7 Soňra ol Sadykýaryň gözlerini oýdy we mis gandallar bilen baglap, Wawilona getirdi+.

  • Ýermeýa 52:9—11
    Mukaddes Kitap
    • 9 Haldeýler Sadykýary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla şäherindäki Wawilon patyşasynyň ýanyna äkitdiler. Ol Sadykýaryň üstünden höküm çykardy. 10 Riblada Wawilon patyşasy Sadykýaryň gözüniň alnynda ogullaryny öldürdi. Soňra Ýahudanyň ähli han⁠-⁠beglerini hem öldürdi. 11 Nawuhodonosor Sadykýaryň gözlerini oýup+, el⁠-⁠aýagyny mis gandal bilen baglady we Wawilona alyp gitdi. Ol ömrüniň ahyryna çenli zyndanda oturdy.

  • Hyzkyl 17:20
    Mukaddes Kitap
    • 20 Men oňa torumy taşlaryn. Ol meniň toruma düşer+. Maňa dönüklik edendigi üçin, Wawilona getirip, höküm çykararyn+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş