Ýermeýa
21 Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. Şol wagt Sadykýar+ patyşanyň iberen adamlary Mälikýaryň ogly Paşhur+ we Maseýanyň ogly Sepanýa+ ruhany Ýermeýa pygamberiň ýanyna gelip şeýle diýdiler: 2 «Haýyş edýäris, bize näme boljagyny Ýehowadan sorap ber. Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* bize garşy söweşýär+. Belki, Ýehowa bizi halas etmek üçin gudrat görkezer we Nawuhodonosor patyşa yzyna dolanar»+.
3 Ýermeýa olara şeýle jogap berdi: «Sadykýar patyşa 4 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle aýdýar diýiň: „Haldeýler we Wawilon patyşasy sizi gabady. Siz olar bilen söweşseňiz-de, öz ýaragyňyz bilen özüňizi heläk ederin+. Olary şäheriň ortasyna üýşürerin. 5 Men gahar-gazaba münüp, güýç-kuwwatly golum bilen size garşy söweşerin+. 6 Şäheriň ilatyny, mal-garalaryny ýok ederin. Olary mergi bilen gyraryn“+.
7 Ýehowa şeýle diýýär: „Mergiden, gylyçdan we açlykdan ölmedik her kesi: Ýahuda patyşasy Sadykýary, gul-gyrnaklaryny we şäher ilatyny Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň eline bererin. Olary duşmanlarynyň we janynyň kastyna çykanlaryň eline tabşyraryn+. Patyşa olaryň ählisini gylyçdan geçirer. Olara haýpy gelmez, ýüregi awamaz, rehimi inmez“+.
8 Halka bolsa Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ine ýaşaýyş we ölüm ýoly: 9 şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Ýöne şäherden çykyp, haldeýlere boýun bolan adam janyny halas edip, aman galar“+.
10 Ýehowa şeýle diýýär: „Men şäheriň üstüne bereket däl-de, betbagtçylyk ýagdyraryn+. Men şäherden ýüz öwrüp, Wawilon patyşasynyň eline bererin+. Ol tutuş şäheri otlar“+.
11 Eý Ýahuda patyşasynyň öý-içerisi, Ýehowanyň sözüni diňläň! 12 Eý Dawut öýi, Ýehowa şeýle diýýär:
„Her gün adalatly boluň,
Talaňçylaryň eline düşeni halas ediň+,
Ýogsa zalym işleriňiz üçin,
Gahar-gazabym ot kimin tutaşar+,
Hiç kim söndürip bilmez“+.
13 Ýehowa şeýle diýýär: „Eý jülgäniň ýaşaýjylary,
Gaýanyň üstündäki şäheriň ilaty, siziň bilen söweşerin“.
„Kim biziň bilen söweşer?
Kim ýurdumyza çozup biler?“ diýýänlere,
14 Ýehowa şeýle aýdýar: „Men işleriňize görä jeza bererin+.
Tokaýlaryňyzy oda ýakaryn,
Siziň daş-töweregiňizdäki ähli zady ýakyp kül ederin“»+.