-
Ýermeýa 39:4—7Mukaddes Kitap
-
-
4 Ýahudanyň patyşasy Sadykýar olary görüp, esgerleri bilen gaçyp gitdi+. Olar gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň aralygy bilen derwezeden çykyp gaçdylar we Araba ýoluna düşdüler+. 5 Emma haldeý goşuny olaryň yzyndan kowup, Sadykýary Ýerihon düzlüginde ele saldy+. Olar Sadykýary tutup, Hamat+ ýurdunyň Ribla+ şäherine, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň huzuryna getirdiler. Ol hem Sadykýaryň üstünden höküm çykardy. 6 Wawilon patyşasy Riblada Sadykýaryň gözüniň alnynda ogullaryny öldürdi we Ýahudanyň ähli beglerini hem öldürdi+. 7 Soňra ol Sadykýaryň gözlerini oýdy we mis gandallar bilen baglap, Wawilona getirdi+.
-