- 
	                        
            
            2 Patyşalar 24:1, 2Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        24 Ýehoýakymyň döwründe Wawilon patyşasy Nawuhodonosor+ Ýahuda çozdy. Ýehoýakym üç ýyllap Nawuhodonosoryň golastynda boldy. Soňra Ýehoýakym gozgalaň turuzdy. 2 Emma Ýehowa Ýehoýakymyň üstüne siriýa, mowap, ammon we haldeý+ halkyndan talaňçylary iberip başlady. Ýehowa muny pygamberleri arkaly aýdyşy ýaly, Ýahudany ýok etmek üçin edýärdi+. 
 
-