26 Musa düşelgäniň agzynda durup: «Kim Ýehowanyň tarapynda bolsa, ýanyma gelsin!»+ diýdi. Şonda ähli lewiler onuň daşyna üýşdi. 27 Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Gylyjyňyzy dakynyň-da, düşelgä aýlanyp, dogan-garyndaşyňyzy, goňşy-golamyňyzy, dost-ýaryňyzy öldürip çykyň“»+ diýdi.