Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 32
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Altyn göle (1—35)

        • Musa aýdym⁠-⁠sazyň sesini eşidýär (17, 18)

        • Musa kanun ýazylan daşlary çym⁠-⁠pytrak edýär (19)

        • Lewileriň Ýehowa wepalylygy (26—29)

2 Musa 32:1

Parallel aýatlar

  • +2Ms 24:18; 5Ms 9:9
  • +Res 7:40

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    10/2020, sah. 1

2 Musa 32:2

Parallel aýatlar

  • +2Ms 12:35, 36

2 Musa 32:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: guýma butuny.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 9:16; Işa 46:6; Res 7:41
  • +2Ms 20:4; Neh 9:18; Zb 106:19, 20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 44

2 Musa 32:5

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

2 Musa 32:6

Parallel aýatlar

  • +1Kr 10:7

2 Musa 32:7

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:15—18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 44

2 Musa 32:8

Parallel aýatlar

  • +2Ms 18:20; 20:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 44

2 Musa 32:9

Parallel aýatlar

  • +2Ms 34:9; 5Ms 9:6; Res 7:51

2 Musa 32:10

Parallel aýatlar

  • +4Ms 14:12; 5Ms 9:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/10/2010, sah. 5, 6

2 Musa 32:11

Parallel aýatlar

  • +Zb 106:23
  • +5Ms 9:18, 19

2 Musa 32:12

Parallel aýatlar

  • +5Ms 9:28

2 Musa 32:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 22:15—17; 35:10, 11; Ýew 6:13, 14
  • +1Ms 13:14, 15; 26:3, 4

2 Musa 32:14

Parallel aýatlar

  • +Zb 106:45

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    9/2018, sah. 6

    «Garawul diňi»,

    15/10/2010, sah. 5, 6

2 Musa 32:15

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şaýatlyk.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 9:15
  • +2Ms 40:20; 5Ms 5:22

2 Musa 32:16

Parallel aýatlar

  • +2Ms 31:18; 5Ms 9:10

2 Musa 32:19

Parallel aýatlar

  • +Neh 9:18; Zb 106:19, 20; Res 7:41
  • +5Ms 9:16, 17

2 Musa 32:20

Parallel aýatlar

  • +5Ms 7:25
  • +5Ms 9:21

2 Musa 32:22

Parallel aýatlar

  • +2Ms 15:24; 16:2; 17:2; 5Ms 9:7; 31:27

2 Musa 32:23

Parallel aýatlar

  • +2Ms 32:1; Res 7:40

2 Musa 32:25

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: masgara.

2 Musa 32:26

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 24:15; 2Pa 10:15

2 Musa 32:27

Parallel aýatlar

  • +4Ms 25:5

2 Musa 32:29

Parallel aýatlar

  • +4Ms 25:11; 5Ms 13:6—9
  • +5Ms 33:8, 9

2 Musa 32:30

Parallel aýatlar

  • +4Ms 16:47; 21:7; 5Ms 9:18

2 Musa 32:31

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:23

2 Musa 32:32

Parallel aýatlar

  • +4Ms 14:19
  • +Flp 4:3; Ylh 3:5

2 Musa 32:34

Parallel aýatlar

  • +2Ms 23:20; 33:2

Umumy salgylar

2 Mus. 32:12Ms 24:18; 5Ms 9:9
2 Mus. 32:1Res 7:40
2 Mus. 32:22Ms 12:35, 36
2 Mus. 32:45Ms 9:16; Işa 46:6; Res 7:41
2 Mus. 32:42Ms 20:4; Neh 9:18; Zb 106:19, 20
2 Mus. 32:61Kr 10:7
2 Mus. 32:75Ms 4:15—18
2 Mus. 32:82Ms 18:20; 20:3
2 Mus. 32:92Ms 34:9; 5Ms 9:6; Res 7:51
2 Mus. 32:104Ms 14:12; 5Ms 9:14
2 Mus. 32:11Zb 106:23
2 Mus. 32:115Ms 9:18, 19
2 Mus. 32:125Ms 9:28
2 Mus. 32:131Ms 22:15—17; 35:10, 11; Ýew 6:13, 14
2 Mus. 32:131Ms 13:14, 15; 26:3, 4
2 Mus. 32:14Zb 106:45
2 Mus. 32:155Ms 9:15
2 Mus. 32:152Ms 40:20; 5Ms 5:22
2 Mus. 32:162Ms 31:18; 5Ms 9:10
2 Mus. 32:19Neh 9:18; Zb 106:19, 20; Res 7:41
2 Mus. 32:195Ms 9:16, 17
2 Mus. 32:205Ms 7:25
2 Mus. 32:205Ms 9:21
2 Mus. 32:222Ms 15:24; 16:2; 17:2; 5Ms 9:7; 31:27
2 Mus. 32:232Ms 32:1; Res 7:40
2 Mus. 32:26Ýuş 24:15; 2Pa 10:15
2 Mus. 32:274Ms 25:5
2 Mus. 32:294Ms 25:11; 5Ms 13:6—9
2 Mus. 32:295Ms 33:8, 9
2 Mus. 32:304Ms 16:47; 21:7; 5Ms 9:18
2 Mus. 32:312Ms 20:23
2 Mus. 32:324Ms 14:19
2 Mus. 32:32Flp 4:3; Ylh 3:5
2 Mus. 32:342Ms 23:20; 33:2
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
Mukaddes Kitap
2 Musa 32:1—35

Ikinji Musa

32 Musanyň dagda eglenendigi+ üçin, adamlar Harunyň daşyna üýşüp: «Hany bol, bize ýol görkezer ýaly hudaý ýasa+. Bizi Müsürden çykaran Musa diýen adama-ha näme bolanyny bilemizok» diýdiler. 2 Harun: «Aýallaryňyzyň, ogul-gyzlaryňyzyň altyn gulakhalkalaryny+ getiriň» diýdi. 3 Adamlar altyn gulakhalkalaryny çykaryp, Haruna getirip berdiler. 4 Harun altynlary aldy-da, ýonguç bilen şekil berip, göläniň butuny* ýasady+. Şonda adamlar: «Eý ysraýyllar! Ine sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz!»+ diýip gygyryşdylar.

5 Muny gören Harun göläniň öňünde gurbanlyk ojagyny* gurup: «Ertir Ýehowanyň şanyna baýram ederis!» diýip gygyrdy. 6 Ertesi ir bilen turup, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary berdiler. Soňra oturyp iýip içdiler, yzyndan bolsa turup, şadyhorramlyk edip başladylar+.

7 Ýehowa Musa: «Häziriň özünde aşak düş, Müsürden çykaran halkyň ýamanlyga ýüz urdy+. 8 Olar meniň öwreden ýolumdan çalt çykdylar+. Göläniň butuny ýasap: „Eý ysraýyllar! Ine sizi Müsürden çykaran Hudaýyňyz!“ diýşip, sežde edýärler, gurbanlyk berýärler» diýdi. 9 Ýehowa sözüni dowam edip: «Halkyň boýnuýogyndygyny görüp durun+. 10 Gel, gowusy, gaharym gelip durka, olaryň ýoguna ýanaýyn. Senden bolsa uly halk döredeýin»+ diýdi.

11 Musa Ýehowa Hudaýyna ýalbaryp+: «Eý Ýehowa, olary beýik güýjüň, kuwwatly goluň bilen Müsürden çykaryp getirmediňmi? Indi näme üçin gaharyňa ýok etjek bolýaň?+ 12 Müsürliler: „Hudaý olary Müsürden ýöne ýere äkitmändir. Olary dagda heläk edip, bütin ýer ýüzünden gyryp taşlajak bolýan eken“ diýmezmi?+ Gaharyňy saklap, halkyňy ýok etme, pikiriňden el çek. 13 Guluň Ybraýymy, Yshagy, Ysraýyly ýada sal. Olara öz adyňdan ant içip: „Nesliňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin+. Olara taýynlan ýurdumy hemişelik mülk edip bererin“+ diýip söz beripdiň ahyryn» diýdi.

14 Şonda Ýehowa halkyny ýok etmek pikirinden el çekdi+.

15 Musa eline+ iki äht* daşyny+ alyp, dagdan aşak düşdi. Daşlaryň iki tarapynda-da: öňünde-de, arkasynda-da ýazgy bardy. 16 Ýasy daşlary Hudaýyň özi ýasapdy, ondaky sözleri-de özi ýazypdy+. 17 Ýuşa halkyň goh-galmagalyny eşidip, Musa: «Düşelgede uruş bolýan ýaly-la!» diýdi. 18 Emma Musa:

«Eşidýäniň ýeňiş aýdymy hem däl,

Ýeňlenleriň ahy-nalasy hem däl.

Gulagyma başga bir owaz gelýär» diýdi.

19 Musa düşelgä golaýlanda, göläni+ we tans edýän adamlary görüp, gahar-gazaba mündi. Ol dagyň eteginde elindäki daşlary zyňyp goýberdi, olar çym-pytrak boldy+. 20 Musa halkyň ýasan gölesini otlap, kül-owram etdi+. Külüni bolsa suwa sepip, ysraýyllara içirdi+. 21 Soňra ol Haruna: «Halka agyr günä etdiripsiň. Olar saňa nädip beýle iş etdirip bildi?» diýdi. 22 Harun: «Doganym, gaharlanma. Halkyň päliýamandygyny gowy bilýäň-ä+. 23 Olar maňa: „Bize ýol görkezer ýaly hudaý ýasa. Bizi Müsürden çykaran Musa diýen adama-ha näme bolanyny bilemizok“ diýdiler+. 24 Menem: „Kimiň altyny bar bolsa, getirsin“ diýdim. Getiren altynlaryny oda atdym welin, ine şu göle peýda boldy» diýdi.

25 Musa halkyň hiç eýgertmeýändigini gördi, sebäbi Harun olary başyna goýberipdi. Olar duşmanlaryna gülki* bolupdylar. 26 Musa düşelgäniň agzynda durup: «Kim Ýehowanyň tarapynda bolsa, ýanyma gelsin!»+ diýdi. Şonda ähli lewiler onuň daşyna üýşdi. 27 Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Gylyjyňyzy dakynyň-da, düşelgä aýlanyp, dogan-garyndaşyňyzy, goňşy-golamyňyzy, dost-ýaryňyzy öldürip çykyň“»+ diýdi. 28 Lewiler Musanyň aýdyşy ýaly etdiler. Şol gün 3 000-e golaý adam öldürildi. 29 Soňra Musa lewilere: «Şu gün özüňizi Ýehowa bagyş ediň. Her biriňiz ogluňyza, doganyňyza garşy çykdyňyz+, şonuň üçin Hudaý sizi sylagsyz goýmaz»+ diýdi.

30 Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä etdiňiz. Daga çykyp, Ýehowa ýalbaryp göreýin, belki, sizi bagyşlar»+ diýdi. 31 Musa Ýehowanyň huzuryna baryp: «Halk agyr günä etdi. Olar altyndan taňry ýasapdyr!+ 32 Başarsaň, olaryň günäsini geç+, bolmasa meniň adymy kitabyňdan+ öçüräý» diýip ýalbardy. 33 Emma Ýehowa: «Kim maňa garşy günä etse, şonuň adyny kitabymdan öçürerin. 34 Bar, halky aýdan ýurduma äkit. Perişdäm öňüňize düşüp gider+. Wagty gelende, olardan hasap sorap, günälerine görä jezasyny bererin» diýdi. 35 Şondan soň Ýehowa halkyň başyna betbagtçylyk inderip başlady, sebäbi olar Haruna göle ýasadypdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş