Ikinji Musa
31 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ýahuda taýpasyndan+ Huruň agtygy, Uranyň ogly Besaleli+ saýladym. 3 Oňa öz ruhumy berip*, paýhasly, düşünjeli we ussat senetçi ederin. 4 Ol üýtgeşik zatlary oýlap tapyp, altyn-kümüşden, misden zat ýasar, 5 daş ýonup+, gaş oturtmaga we agaçdan her hili zatlary ýasamaga ökde bolar+. 6 Dan taýpasyndan Ahysamagyň ogly Ohalyýaby+ oňa kömekçi edip belledim. Ökde ussalaryň hemmesine akyldarlyk bererin*. Olar tabşyran zatlarymy+: 7 ýygnak çadyryny*+, äht* sandygyny+, gapagyny+, çadyryň zatlaryny, 8 stoly+ we esbaplaryny, sap altyndan şemdany we esbaplaryny+, tütetgi ojagyny*+, 9 gurbanlyk ojagyny*+ we esbaplaryny, legen bilen direglerini ýasarlar+. 10 Nepis dokalan lybaslary, Harun ruhanynyň mukaddes eşiklerini we ogullarynyň ruhanylyk eşiklerini+ tikerler. 11 Mukaddes ýagy we mukaddes çadyr üçin hoşboý ysly tütetgi taýynlarlar+. Ähli zady saňa tabşyryşym ýaly ederler».
12 Ýehowa ýene-de Musa ýüzlenip: 13 «Ysraýyllara şeýle diý: „Sabat güni barada kanunymy gyşarnyksyz berjaý ediň+. Sabat güni siziň bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar. Ol Ýehowa Hudaýyňyzyň sizi mukaddes edýändigini nesilden-nesle ýatladyp durar. 14 Sabat gününe sowuk-sala garamaň*, sebäbi ol siziň üçin mukaddesdir+. Sabat güni hakdaky kanuny bozan adam öldürilsin. Kimde-kim şol gün işlese, halkyň arasyndan ýok edilsin*+. 15 Ähli işiňizi alty günde edip, ýedinji gün doly dynç alyň+. Ol Ýehowa bagyşlanan mukaddes gündür. Sabat güni işlän adam ölüme höküm edilsin. 16 Ysraýyllar Sabat gününi nesilden-nesle berjaý etmelidir, sebäbi men olar bilen ýyllar boýy dowam etjek äht baglaşdym. 17 Sabat güni ysraýyl halky bilen baglaşan ähtimiň hemişelik alamatydyr+. Sebäbi Ýehowa ýeri-gögi alty günde ýaratdy, ýedinji gün dynç alyp+, eden işlerine begendi“» diýdi.
18 Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, iki sany äht* daşyny+ berdi. Daşlaryň ýüzündäki sözleri Hudaý öz eli*+ bilen ýazypdy.