Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowa «öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?»
    Garawul diňi — 2010 | 15 oktýabr
    • 13. Isa ýaly pikir etsek, nämä düşüneris?

      13 Isa ýaly pikir etmegi öwrensek, Mukaddes Ýazgylardaky düşünmesi kyn wakalara düşüneris. Meselem, ysraýyllylar sežde etmek üçin altyn göle ýasandan soň Ýehowanyň Musa aýdan sözlerine seredeliň. Hudaý Musa: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm. Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi (Müs. çyk. 32:9, 10).

      14. Ýehowanyň sözleri Musa nähili täsir etdi?

      14 Şol wakada şeýle diýilýär: Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň? Näme üçin müsürliler: «Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen getiripdir» diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme. Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: «Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar» diýipdiň». Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi» (Müs. çyk. 32:11—14)b.

      15, 16. a) Ýehowanyň aýdan sözleri Musa nähili mümkinçilik berdi? b) Ýehowa «pikirinden el çekdi» diýmek näme aňladýar?

      15 Musa Ýehowanyň pikirini düzetdimi? Elbetde, düzetmedi! Ýehowa näme etmekçidigini aýtsa-da, bu onuň soňky hökümi däldi. Isanyň Filiipusy we grek aýaly synaýşy ýaly, Ýehowa hem Musany synaýar. Ol Musa öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berýärc. Ýehowa Musany ysraýyl halky bilen Özüniň arasynda töwellaçy belläp, onuň ýerine ýetirýän borjuna hormat goýýardy. Ýehowa Musa hökümini üýtgetmäge rugsat berermi? Musa bu mümkinçilikden peýdalanyp, Ýehowanyň Ysraýyly unutmagyny we öz neslinden güýçli halky döretmegini goldarmy?

  • Ýehowa «öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?»
    Garawul diňi — 2010 | 15 oktýabr
    • c Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Müsürden çykyş 32:10-daky «meni ýeke goý» diýen ýewreý idiomasy Ýehowanyň Musa ysraýylyň tarapyny tutmagy, ýagny Hudaýyň we halkyň arasynda «gädikde durmagy» teklip edendigini aňladýar (Zeb. 106:23; Ezek. 22:30). Nähili bolaýanda-da, Musa Ýehowa arkaýyn öz pikirini aýdyp, teselli tapýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş