Zebur
106 Ýaha alkyş aýdyň!*
2 Ýehowanyň ähli gudratly işlerini kim gürrüň berip biler?
Öwgä mynasyp işlerini kim jar edip biler?+
3 Hemişe dogry işleri edýän,
Adalatly adamlar bagtlydyr+.
4 Eý Ýehowa, halkyňa bereket bereniňde, meni-de ýatla+.
Meni gora, halas et.
5 Saýlanlaryňa eden ýagşylygyňy görüp, menem begeneýin+,
Halkyňa goşulyp şatlanaýyn,
Mirasyň bilen seni taryplaýyn.
7 Atalarymyz Müsürde eden ajaýyp işleriňe düşünmedi*,
Wepaly söýgä baýdygyňy unutdylar.
Gyzyl deňziň kenarynda gozgalaň turuzdylar+.
9 Ol käýände, Gyzyl deňiz gurady,
Çölden ýörän ýaly, olary deňziň düýbünden geçirdi+.
10 Olary duşman elinden halas etdi+,
Ýagylarynyň penjesinden azat etdi+.
11 Duşmanlaryny gark etdi,
Hiç biri halas bolmady+.
13 Emma Allanyň işlerini tiz unutdylar+,
Görkezmesine garaşmadylar.
15 Hudaý olara soran zatlaryny berdi,
Soňra keselçilik bilen gyrdy+.
17 Şonda ýer ýarylyp, Datany ýuwutdy,
Abyramy ýaranlary bilen alyp gitdi+.
18 Jemagatyň ortasyna lowlap duran ot düşdi,
Oduň ýalny erbetleri ýalmap ýuwutdy+.
19 Horepde göle ýasadylar,
Guýma buta sežde etdiler+.
20 Olar meniň şöhratymy,
Ot iýýän göläniň şekili bilen çalyşdylar+.
21 Müsürde beýik işleri eden+,
Halasgär Hudaýy unutdylar+.
22 Ham ýurdunda ajaýyp işleri eden+,
Gyzyl deňizde gudrat görkezen Allany+ unutdylar.
23 Hudaý olary ýok etmekçi bolanda,
Saýlan bendesi Musa töwella etdi,
Lowlap duran gaharyny köşeşdirdi+.
26 Şonda olary çölde ýok etmek üçin,
Alla elini galdyryp ant içdi+.
27 Perzentlerini halklaryň eli bilen gyrmak,
Olary ýat ýurtlara dargatmak kararyna geldi+.
30 Pinehas aýgytly hereket etdi,
Gyrgynçylyk togtady+.
31 Şol sebäpli nesilden-nesle
Dogruçyl adam hasaplandy+.
37 Ogul-gyzlaryny
Jynlara gurbanlyk berdiler+.
38 Kengan butlaryna gurbanlyk bermek üçin,
Ogul-gyzlarynyň ganyny+,
Bigünä adamlaryň ganyny dökdüler+.
Ýurdy gan bilen haramladylar.
39 Eden etmişleri bilen haram boldular,
Hudaýa dönüklik etdiler+.
40 Ýehowa halkyna gaharlandy,
Ol mirasyny ýigrendi.
42 Ganym duşmanlary olara azar berdi,
Üstünden agalyk etdi.
43 Alla olary telim gezek halas etdi+,
Emma olar gulak asman, gozgalaň turuzdy+,
Günäleri sebäpli masgara boldy+.
46 Olary ýesir alanlaryň ýüregini ýumşatdy+.
47 Ýehowa Hudaýymyz, bizi halas et+,
Halklaryň arasyndan ýygna+.
Şonda mukaddes adyňa alkyş aýdarys,
Şatlyk bilen seni şöhratlandyrarys+.
48 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat!
Oňa ebedilik alkyş aýdylsyn!+
Bütin halk: «Omyn!*» diýsin.
Ýaha alkyş aýdyň!*