Zebur
3 Hudaýyň mukaddes adyna buýsanyň+.
Ýehowany gözleýänleriň ýüregi joşsun!+
4 Ýehowany agtaryp+, güýç soraň,
Hemişe didaryny küýsäň.
5 Gudratyny, ajaýyp işlerini unutmaň,
Aýdan hökümlerini ýatdan çykarmaň+.
6 Siz Hudaýyň guly Ybraýymyň nesli+,
Ýakubyň ogullary, Allanyň saýlany+.
7 Ýehowa biziň Hudaýymyz+,
Ýer ýüzüne adalatly höküm çykarýar+.
8 Ol ähtini hiç haçan unutmaýar+,
Müň nesil ötse-de, sözünde durýar+.
9 Ybraýym bilen äht baglaşypdy+,
Yshaga ant içipdi+.
10 Ýakup üçin perman çykardy,
Ysraýyl üçin ebedilik äht etdi.
11 Hudaý: «Kengan ýurduny saňa bererin+,
Mülk edip paýlaryn» diýdi+.
13 Bir halkdan beýleki halka,
Bir ýurtdan beýleki ýurda göçüp-gonup ýörerdi+.
14 Olara hiç kim azar bermedi+,
Hudaý patyşalara käýäp+:
15 «Saýlanlaryma degmäň,
Pygamberlerime ýamanlyk etmäň» diýdi+.
17 Halkynyň öňünden Ýusuby iberdi,
Ony gul edip satdylar+.
18 Aýagyna zynjyr bagladylar+,
Boýnuna demir halka saldylar.
19 Allanyň wadasy amala aşýança+,
Ýehowanyň sözi ony arassalady.
20 Patyşa ony boşatdy+,
Hökümdar azat etdi.
21 Ýusuby köşgüne hojaýyn etdi,
Ähli mal-mülküni eline berdi+.
22 Ýusuby han-begleriň üstünden goýdy,
Ol Müsüriň akyldarlaryna nesihat berdi+.
23 Ysraýyl Müsüre geldi+,
Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.
24 Hudaý halkyny köpeltdi+,
Duşmanlaryndan has güýçli etdi+.
25 Ýagylarynyň ýüregi ýigrençden doldy,
Hudaýyň gullaryna garşy hile guruldy+.
27 Olar müsürlilere alamatlar,
Ham ýurdunda gudratlar görkezdi+.
29 Derýalaryny gana öwürdi,
Balyklarynyň baryny gyrdy+.
30 Tutuş ýurt, patyşanyň otaglary gurbagadan doldy+.
33 Bag-bakjalaryny,
Injir we üzüm agaçlaryny weýran etdi.
34 Onuň buýrugy bilen çekirtgeler çozdy,
Sansyz-sajaksyz ýalmap-ýuwudýan çekirtgeler geldi+.
35 Olar bag-bakjanyň baryny,
Topragyň hasylyny ýalmap ýuwutdy.
36 Soňra ol nowbahar çagalaryny gyryp taşlady+,
Bilinden önen ilkinji perzendini ýok etdi.
37 Halkyny altyn-kümüş bilen ýurtdan çykardy+,
Taýpalardan zyýan çeken bolmady.
38 Müsür olaryň gidenine begendi,
Sebäbi olardan gözi gorkupdy+.
39 Bulut galkan kimin gorady+,
Hudaý gijesine yşyk berdi+.
42 Onuň Ybraýyma beren wadasy ýadyndady+.
43 Hudaý halkyny azat etdi+,
Olar şatlandy, joşup aýdym aýtdy.
44 Olara halklaryň ýerini miras berdi+,
Başgalaryň der döküp alan hasylyny iýdirdi+.
45 Hudaýyň kanunyny we buýruklaryny,
Halk berjaý etmelidi+.
Ýaha alkyş aýdyň!*