Ýehowa «öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?»
«Rebbe öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?» Ýöne bizde Mesihiň pikiri bardyr» (1 KOR. 2:16).
1, 2. a) Köp adamlar nähili kynçylyga duş gelýär? b) Ýehowanyň pikiri bilen biziň pikirimiz babatda nämäni unutmaly däl?
KÄWAGT saňa başga adamyň pikirine düşünmek kyn bolýarmy? Sen ýaňy-ýakynda durmuş guran bolsaň, belki saňa ýanýoldaşyňa düşünmek kyn bolýandyr. Erkek adamyň we aýal maşgalanyň pikir edişi we gepleýşi tapawutlanýar. Ine, şol sebäpli-de käbir medeniýetde olar dürli dialektde gepleşýär! Galyberse-de, adamlaryň dili we medeniýeti tapawutlanýandygy üçin, pikir edişi we özüni alyp barşy dürlüçe bolýar. Emma adamlary näçe gowy tanadygymyzça, şonça-da olaryň pikirine gowy düşünip başlaýarys.
2 Şol sebäpli biz Ýehowanyň pikiriniň biziňkiden tapawutlanýandygyna geň galmaýarys. Ýehowa ysraýyl halkyna Işaýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Siziň düşünjäňiz meniň düşünjäm ýaly däl, siziň ýoluňyz meniň ýolum ýaly däl... Gökler ýerden nähili belent bolsa, şonça-da meniň ýollarym siziň ýollaryňyzdan, meniň düşünjäm siziň düşünjäňizden has belentdir» (Iş. 55:8, 9).
3. Haýsy iki usul bilen Ýehowanyň ýaranlary bolup bileris?
3 Bu Ýehowanyň pikirine hiç haçan düşünip bilmejegimizi aňladýarmy? Ýok. Biz Ýehowanyň ähli pikirlerine doly düşünip bilmesek-de, bize Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň «ýaranlary bolmak» maslahat berilýär (Zebur 25:14, Süleýmanyň tymsallary 3:32-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ýehowa ýakynlaşmagyň bir usuly, onuň eden işlerine üns bermeli (Zeb. 28:5). Şeýle-de «görünmez Hudaýyň keşbi» bolan «Mesihiň pikirini» bilmeli (1 Kor. 2:16; Kol. 1:15). Biz Mukaddes Ýazgylary okap, oýlanmaga wagt sarp etsek, Ýehowanyň häsiýetlerine we pikirlerine düşüneris.
Hudaýy ýazgarmakdan ägä bol
4, 5. a) Biz nähili garaýyşdan ägä bolmaly? Düşündiriň. b) Ysraýyllylar nähili nädogry garaýyşdady?
4 Ýehowanyň işleri barada oýlananda, ynsan garaýşy bilen Hudaýy ýazgarmaly däl. Ýehowanyň Zebur 50:21-de: «Sen Meni edil özüň kimindir öýtdüň» diýen sözlerinden görnüşi ýaly, adam Hudaýy ýazgaryp bilýär. 175 ýyl mundan ozal Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym şeýle diýdi: «Adamlar Hudaýy özüçe ýazgarýar we olaryň pikirine görä, özleriniň tabyn bolýan kanunlaryna Hudaý hem gulak asmalydyr öýdýär».
5 Biz öz kadalarymyz we islegimiz sebäpli, Ýehowa barada nädogry garaýyşda bolmakdan ägä bolmaly. Bu näme üçin wajyp? Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, düşünjämiziň çäkli we bikämildigi sebäpli, Ýehowanyň käbir hereketleri nädogry ýaly bolup görünmegi mümkin. Gadymy ysraýyllylar ýüreginiň gatylygy sebäpli, Ýehowa barada nädogry pikirdedi. Ýehowanyň olara aýdan sözlerine üns beriň: «Siz: «Ýehowanyň ýoly adalatly däl» diýýärsiňiz. Emma Ysraýyl öýi gulak asaýyň. Meniň ýolum adalatsyzmy? Eýsem, siziň ýollaryňyz adalatsyz dälmi?» (Ezek. 18:25).
6. Eýýup nämä düşünmelidi we bu näme üçin bize-de peýdaly?
6 Öz garaýşymyza we islegimize görä, Ýehowany ýazgarmaz ýaly, düşünjämiziň çäklidigine hem-de gaty ýoýlandygyna düşünmeli. Eýýup hem muňa düşünmelidi. Ol betbagtçylyklary başdan geçiren döwri göwni synyp, özi barada çendenaşa alada edip başlady. Ol wajyp zatlary unutdy. Emma Ýehowa onuň garaýşyny ýumşaklyk bilen düzetdi. Ýehowa Eýýuba ýetmişden gowrak sorag berdi, ýöne ol jogap berip bilmedi. Şeýdip Ýehowa onuň düşünjesiniň çäklidigini görkezdi. Eýýup bolsa, kiçigöwünlilik bilen garaýşyny üýtgetdi (Eýýup 42:3, 6-njy aýatlary okaň)a.
Nädip Isa ýaly pikir etmeli?
7. Biz Isanyň eden işlerine seretsek, näme üçin Ýehowanyň pikirine düşünmäge kömek eder?
7 Isa sözünde we iş ýüzünde Atasynyň göreldesine kämillikde eýerdi (Ýahýa 14:9). Şol sebäpli biz Isanyň eden işlerine seretsek, Ýehowanyň pikirine düşünmäge kömek eder (Rim. 15:5; Flp. 2:5). Geliň, Injilden iki waka seredeliň.
8, 9. Ýahýa 6:1—5-nji aýatlara görä, Isa Filipusa nähili sorag berdi we näme üçin?
8 Bir wakany göz öňüne getireliň. Bu waka b. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramyndan öň bolupdy. Isanyň resullary Jelileden wagyz edip gelipdiler. Olar örän ýadow bolansoň, Isa bilen bile Jelile kölüniň demirgazyk-gündogar ýakasyna çola ýere gitdiler. Emma olaryň yzyna müňlerçe adamlar eýerdi. Isa halaýygy sagaldyp, köp zatlary öwredensoň, bir kynçylyk ýüze çykdy. Şeýle çola ýerde olaryň hemmesini nädip doýrup bolardy? Isa Filipusa: «Bular iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi (Ýahýa 6:1—5).
9 Isa näme üçin Filipusa şeýle sorag berdikä? Isa näme etjegini bilmeýärdimi? Ýok. Aslynda, ol näme barada oýlanýardy? Şol ýerde bolan Ýahýa resul şeýle diýýär: «Ol muny Filipusy synamak üçin sorapdy, çünki näme etjegini Özi bilýärdi» (Ýahýa 6:6). Isa şägirtleriniň ruhy taýdan ösüşini barlaýardy. Şeýle sorag bermek bilen, Isa olara üns berip, edýän işlerine imanyny görkezmäge mümkinçilik berýärdi. Emma olar imanyny bildirmek mümkinçiligini elden berip, garaýşynyň çäklidigini görkezdi (Ýahýa 6:7—9-njy aýatlary okaň). Soňra Isa olaryň garaşmadyk zadyny etdi. Ol gudrat bilen müňlerçe açlary doýurdy (Ýahýa 6:10—13).
10—12. a) Näme üçin Isa grek aýalyň haýyşyny derrew ýerine ýetirmedi? Düşündiriň. b) Biz häzir nämä serederis?
10 Ýene-de bir bolan waka Isanyň pikirine düşünmäge kömek edýär. Uly märekäni doýrandan soň Isa resullary bilen Ysraýylyň çäginden çykyp, demirgazyga Sur we Saýda etrabyna gidýär. Ol ýerde olar grek aýala duşýar. Ol aýal Isadan gyzyny sagaltmagy haýyş edýär. Başda Isa aýala üns bermeýär. Ýöne ol erjellik bilen ýalbaransoň, Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp-da, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi (Mar. 7:24—27).
11 Näme üçin Isa başda aýala kömek edesi gelmedi? Isa aýala nähili täsir edişini görjek bolup, oňa imanyny bildirmäge mümkinçilik bermek üçin Filipusy synaýşy ýaly, synadymy? Isanyň nähili äheňde aýdanyny bilmesek-de, aýal onuň sözlerini göwnüne almady. Sebäbi Isanyň ýewreý dilinde «it» diýip ulanan sözi adamy kemsitmeýärdi. Isany çagasynyň isleýän sowgadyny alyp bermäge taýyn, ýöne çagasynyň erjellik bilen haýyş etmegine garaşýan ata meňzetse bolar. Grek aýal imanyny bildireni üçin, Isa onuň haýyşyny ýerine ýetirdi (Markus 7:28—30-njy aýatlary okaň).
12 Injilde ýazylan bu iki waka «Isanyň pikirine» gowy düşünmäge kömek edýär. Geliň, indi Ýehowanyň pikirine has gowy düşünmäge kömek edýän wakalara seredeliň.
Ýehowa Musa bilen özüni nähili alyp bardy?
13. Isa ýaly pikir etsek, nämä düşüneris?
13 Isa ýaly pikir etmegi öwrensek, Mukaddes Ýazgylardaky düşünmesi kyn wakalara düşüneris. Meselem, ysraýyllylar sežde etmek üçin altyn göle ýasandan soň Ýehowanyň Musa aýdan sözlerine seredeliň. Hudaý Musa: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm. Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi (Müs. çyk. 32:9, 10).
14. Ýehowanyň sözleri Musa nähili täsir etdi?
14 Şol wakada şeýle diýilýär: Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň? Näme üçin müsürliler: «Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen getiripdir» diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme. Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: «Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar» diýipdiň». Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi» (Müs. çyk. 32:11—14)b.
15, 16. a) Ýehowanyň aýdan sözleri Musa nähili mümkinçilik berdi? b) Ýehowa «pikirinden el çekdi» diýmek näme aňladýar?
15 Musa Ýehowanyň pikirini düzetdimi? Elbetde, düzetmedi! Ýehowa näme etmekçidigini aýtsa-da, bu onuň soňky hökümi däldi. Isanyň Filiipusy we grek aýaly synaýşy ýaly, Ýehowa hem Musany synaýar. Ol Musa öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berýärc. Ýehowa Musany ysraýyl halky bilen Özüniň arasynda töwellaçy belläp, onuň ýerine ýetirýän borjuna hormat goýýardy. Ýehowa Musa hökümini üýtgetmäge rugsat berermi? Musa bu mümkinçilikden peýdalanyp, Ýehowanyň Ysraýyly unutmagyny we öz neslinden güýçli halky döretmegini goldarmy?
16 Musanyň sözlerinden onuň iman edýändigi we Ýehowanyň adalatyna bil baglaýandygy görünýär. Ol öz bähbidini gözlemän, Ýehowanyň adyna ysnat getirmez ýaly biynjalyklanýardy. Bu babatda Musa Ýehowanyň pikirine düşünýändigini görkezýär (1 Kor. 2:16). Netijede näme boldy? «Pikirinden el çekdi» diýen jümle Ýehowanyň belli bir hereket etmegi berk ýüregine düwmändigini görkezýär. Ýewreý dilinde bu jümle Ýehowanyň ähli halkyň üstünden bela-beter indermek pikirini üýtgedendigini aňladýar.
Ýehowa Ybraýym bilen özüni nähili alyp bardy?
17. Ýehowa Ybraýym bilen gepleşende, nädip köp sabyrlylygyny görkezdi?
17 Ybraýymyň Sodom babatda haýyşyny Ýehowanyň diňländiginden hem, gullukçylaryna oňa bil baglamaga we imanyny bildirmäge mümkinçilik berýändigi görünýär. Ýehowanyň Ybraýyma sekiz sorag bermäge rugsat berşinden köp sabyrlylygy görünýär. Ybraýym janygyp: «Günäli bilen bigünäniň arasynda parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin ýer ýüzüniň Kazysy — Sen adalatly hereket etmeli dälmisiň ahyryn!» diýip ýalbarýar (Gel. çyk. 18:22—33).
18. Ýehowanyň Ybraýym bilen özüni alyp barşyndan nämäni bildik?
18 Biz şu wakadan Ýehowanyň pikiri hakynda näme öwrenip bileris? Ýehowa dogry karara gelmek üçin, Ybraýym bilen maslahatlaşmalydymy? Ýok. Elbetde, Ýehowa başda gelen kararynyň sebäbini düşündirip bilerdi. Emma Ýehowa şeýle soraglar arkaly Ybraýyma dogry karara gelmäge we Onuň pikirine düşünmäge wagt berdi. Şeýdip, Ybraýym Ýehowanyň örän rehimlidigine we adalatlydygyna düşündi. Ýehowa Ybraýymy dosty hasaplaýardy (Iş. 41:8; Ýakup 2:23).
Biziň üçin sapak
19. Biz nädip Eýýubyň göreldesine eýerip bileris?
19 Biz Ýehowanyň pikiri barada näme bildik? Ýehowanyň pikirine düşüner ýaly, biz Hudaýyň Sözüni okamaly. Ýehowany biz ýaly çäklidir öýdüp, garaýşymyza we pikirimize görä ony ýazgarmaly däl. Eýýup şeýle diýdi: «Oňa jogap berip, onuň bilen sudlaşar ýaly, Hudaý men ýaly ynsan däl ahyryn» (Eýýup 9:32). Eýýup ýaly biz Ýehowanyň pikirine düşünip başlanda, şeýle diýeris: «Ine, bularyň bary onuň ýollarynyň bir gyrajygy we ol hakynda diňe pyşyrdy eşidilýär! Emma ol gürlände, kim akyl ýetirip biler?» (Eýýup 26:14).
20. Mukaddes Ýazgylardan käbir parçalara düşünmek kyn bolsa, näme etmeli?
20 Biz Mukaddes Ýazgylary okanda, aýratynam, Ýehowanyň pikiri hakynda düşünmek kyn bolýan parçalara duşsak, näme etmeli? Eger şeýle soraga çuňňur seredip, aýdyň jogap tapmasak, biz Ýehowa bil baglap bileris. Käwagt käbir pikirleriň bize Ýehowanyň häsiýetlerine ynanmaga kömek edýändigini unutma. Geliň, onuň ähli edýän zatlaryna düşünmeýändigimizi pes göwünli boýun alalyň (Wag. 11:5). Bu bize Pawlus resulyň aýdan sözleri bilen ylalaşmaga ýardam eder. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir! Çünki Rebbiň pikirini kim bildi? Kim oňa geňeşdar boldy? Ol bergili bolar ýaly, kim oňa öňinçä bir zat berdi? Sebäbi ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir. Oňa baky şöhrat bolsun! Omyn» (Rim. 11:33—36).
a Eýýup 42:3 Sen: «Bilimsiz bolup, niýeti düşnüksiz edýän bu kim?» diýdiň — hawa, men düşünmedik we bilmeýän şeýle geň zatlar aýtdym. 6 Şonuň üçin sözlerimden dänip, kül we toprak içinde toba edýärin.
b Şeýle waka Sanlar 14:11—20-nji aýatlarda hem beýan edilýär.
c Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Müsürden çykyş 32:10-daky «meni ýeke goý» diýen ýewreý idiomasy Ýehowanyň Musa ysraýylyň tarapyny tutmagy, ýagny Hudaýyň we halkyň arasynda «gädikde durmagy» teklip edendigini aňladýar (Zeb. 106:23; Ezek. 22:30). Nähili bolaýanda-da, Musa Ýehowa arkaýyn öz pikirini aýdyp, teselli tapýar.
Ýadyňyzdamy?
• Ýehowany garaýşymyza görä ýazgarmaz ýaly, näme kömek eder?
• Isanyň eden işlerine düşünsek, Ýehowanyň «ýaranlary bolmaga» nädip ýardam eder?
• Sen Ýehowanyň Musa we Ybraýym bilen eden gürrüňinden nähili sapak edindiň?