Musadan uly bolana hormat goýuň
«Reb Hudaý size öz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber döretjekdir... oňa gulak asyň» (RES. IŞ. 3:22).
1. Isa taryha nädip täsir etdi?
IKI MÜŇ ýyl mundan öň oglanjyk dünýä inende, çopanlar gökde ençeme perişdeleriň Hudaýy şöhratlandyrýandygyny eşitdiler (Luka 2:8—14). Ol otuz ýaşlarynda, üç ýarym ýyl Hudaýa gulluk etse-de, taryha täsir etdi. XIX asyryň taryhçysy Filip Şaff bu ýigit barada şeýle diýýär: «Ol ýekeje setir hat ýazmasa-da, ençeme zatlaryň ýazylmagyna sebäp boldy we köp wagza, nutga, çekişmelere hem-de ylmy işleriň, sungat eserleriniň, öwgi aýdymlarynyň ýazylmagyna mümkinçilik döretdi». Bu meşhur ýaş ýigit, elbetde, Isa Mesihdi.
2. Isa we onuň gullugy hakynda Ýahýa resul näme ýazdy?
2 Ýahýa resul Isanyň gullugyny beýan edip, kitabyny şeýle sözler bilen tamamlady: «Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür; olar birin-birin ýazylsa, onda, ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin» (Ýahýa 21:25). Ýahýa Isanyň üç ýarym ýylda aýdan sözleriniň we eden işleriniň diňe bir bölegini ýazyp boljagyna düşünýärdi. Ýöne Ýahýanyň Injilde beýan eden taryhy wakalary örän ähmiýetlidir.
3. Hudaýyň niýetinde Isanyň ähmiýetine doly düşünmäge näme kömek edýär?
3 Injilden başga-da, Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplarynda Isanyň durmuşy doly beýan edilip, imanymyzy berkidýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Isadan öň ýaşan wepaly adamlar barada aýdylýar. Olar Hudaýyň niýetinde Isanyň ähmiýetine doly düşünmäge kömek edýär. Geliň, şolar barada bileliň.
Isanyň nusgasy bolan Hudaýyň gullukçylary
4, 5. Haýsy adamlar Isanyň nusgasydy we olarda Isa bilen nähili meňzeşlik bardy?
4 Ýahýanyň we beýleki üç hoş habarçynyň ýazan kitaplarynda Musanyň, Dawudyň we Süleýmanyň Hudaýyň Mesh eden we bellän patyşasy Isanyň nusgasydygy barada gürrüň berilýär. Hudaýyň bu gadymky gullukçylary Isanyň geljekki ähmiýetini nädip görkezdiler we Mukaddes Ýazgylarda olar hakynda aýdylanlardan näme öwrenip bileris?
5 Umuman aýdanyňda, Musa Mukaddes Ýazgylarda pygamber, töwellaçy we halasgär diýilýär, Isa-da şeýle diýlipdi. Dawut duşmanlary ýeňen Ysraýylyň patyşasy we çopanydy. Isa-da çopan we ýeňiş gazanan patyşady (Ezek. 37:24, 25). Süleýman Hudaýa wepaly bolan wagtlary paýhasly patyşady we onuň hökümdarlygynda Ysraýyl parahat ýaşaýardy (3 Pat. 4:25, 29). Isa-da örän paýhaslydy we oňa «Parahatlyk Şazadasy» diýilýär (Iş. 9:6). Isanyň orny şol gadymky döwürdäki adamlaryňky ýalydy, emma Hudaýyň niýetinde, onuň ähmiýeti uludyr. Geliň, ilki bilen, Isa bilen Musany deňeşdireliň, bu bize Hudaýyň niýetinde Isanyň ähmiýetiniň has uludygyna düşünmäge kömek eder.
Musa Isanyň öňbaşçysy
6. Petrus resul Isa gulak asmalydygyny nädip düşündirdi?
6 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň, Petrus resul Musanyň Isa barada pygamberlik eden sözlerini aýtdy. Petrus ybadathanada ýehudylaryň öňünde durdy. Petrus bilen Ýahýa dogabitdi agsak adamy sagaldanda, märeke «geňirgenşip» nädip bolanyny bilmek islediler. Petrus resul bu gudraty Isa arkaly Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen edilenini düşündirdi. Soňra ol Töwratdan şu aýatlary getirdi: «Musa atalaramyza diýipdi: «Reb Hudaý size öz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber döretjekdir... oňa gulak asyň» (Res. iş. 3:11, 22, 23; Kanun taglymaty 18:15, 18, 19-njy aýatlary okaň)a.
7. Musadan uly bolan pygamber barada Petrusyň aýdan sözlerine näme üçin diňleýjiler düşünýärdi?
7 Musanyň bu aýdan sözleri Petrusyň diňleýjilerine tanyş bolan bolmaly. Ýehudylar Musany örän sylaýardylar (Kanun. 34:10). Olar Musadan uly bolan pygamberiň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ol Musa ýaly Hudaý tarapyn diňe bir bellenen pygamber däl, eýsem, Ýehowanyň wada beren «Hudaýyň saýlan Mesihi» bolmalydy (Luka 23:35; Ýew. 11:26).
Isa bilen Musanyň meňzeşligi
8. Musa bilen Isanyň durmuşynyň nähili meňzeşligi bar?
8 Isanyň ýerdäki ýaşaýşy käbir halatda Musanyňka meňzeýärdi. Meselem, çaga wagty Musa-da, Isa-da zalym hökümdarlaryň öldürmeginden halas edildi (Müs. çyk. 1:22—2:10; Mat. 2:7—14). Şeýle-de olaryň ikisi-de «Müsürden çagyryldy». Hoşea pygamber: «Ysraýyl oglanka, men ony söýdüm we oglumy Müsürden çagyrdym» diýdi (Hoş. 11:1). Hoşeanyň sözleri Hudaý tarapyn bellenen Musanyň ysraýyllylary Müsürden azatlyga çykaran wagtyny görkezýär (Müs. çyk. 4:22, 23; 12:29—37). Emma Hoşeanyň sözleri diňe gadymky döwürde bolan waka däl-de, gelejekde boljak waka-da degişlidi. Onuň pygamberligi Hirodes patyşa ölenden soň, Ýusup bilen Merýem Müsürden gaýdyp gelende berjaý boldy (Mat. 2:15, 19—23).
9. a) Musa bilen Isa nähili gudratlar görkezdi? b) Musa bilen Isanyň başga-da meňzeşliklerini gürrüň beriň. («Isa ýene-de nämede Musa meňzeýär» diýen çarçuwa serediň).
9 Musa hem Isa gudrat görkezýärdi. Bu olary Hudaýyň goldaýandygyny subut edýärdi. Ilkinji gudraty görkezen Musady (Müs. çyk. 4:1—9). Meselem, Musa suw bilen bagly gudratlary görkezdi. Ol Nil derýasynyň we howuzlaryň suwuny gana öwürdi, Gyzyl deňziň suwuny ikä böldi, çölde gaýadan suw akdyrdy (Müs. çyk. 7:19—21; 14:21; 17:5—7). Isa-da suw bilen bagly gudratlar görkezdi. Ol suwy şeraba öwrüp, ilkinji gudratyny görkezdi (Ýahýa 2:1—11). Soňra ol Jelile kölünde tupany ýatyrdy. Bir gezek ol suwuň ýüzünden ýöredi! (Mat. 8:23—27; 14:23—25). Musa we ondan uly Isanyň başga-da meňzeşligi çarçuwada görkezilen.
Isanyň pygamber hökmünde ähmiýeti
10. Hakyky pygamber nämeler edýär we näme üçin Musa hakyky pygamberdi?
10 Köp adamlar pygamber diňe gelejegi öňünden aýdyp bilýändir öýdýärler, emma bu pygamberiň ýerine ýetirýän borçlarynyň diňe biridir. Hakyky pygamber Ýehowanyň adyndan pygamberlik edip, «Hudaýyň uly işlerini» yglan edýär (Res. iş. 2:11, 16, 17). Şeýle-de pygamber gelejek barada aýdyp, Ýehowanyň niýetini we hökümlerini yglan edip bilýär. Şeýle pygamberlerden biri Musadyr. Ol Müsürde bolmaly on sany jezany öňünden aýtdy we Sina dagynda Hudaýyň beren kanunyny yglan edip, ysraýyllylara Hudaýyň niýetini öwretdi. Emma soňra Musadan-da uly pygamber gelmelidi.
11. Isa Musadan uly pygamberlik borjuny nädip ýerine ýetirdi?
11 B. e. I asyrynda Zakarýa pygamberlik edip, Hudaýyň niýetinde ogly Ýahýanyň näme etjegini aýan etdi (Luka 1:76, 77). Ýahýa Çokundyryjy bolup, Musadan uly bolan we sabyrsyzlyk bilen garaşylan pygamberiň, ýagny Isa Mesihiň geljegini yglan etdi (Ýahýa 1:23—36). Isa pygamber hökmünde köp zatlary öňünden aýtdy. Meselem, özüniň haçan, nirede we kim tarapyndan öldüriljegini aýtdy (Mat. 20:17—19). Isa Iýerusalimiň we ybadathananyň weýran ediljegini pygamberlik edip, diňleýjilerini haýran gadyrdy (Mar. 13:1, 2). Ol biziň günlerimiz barada-da pygamberlik etdi (Mat. 24:3—41).
12. a) Isa bütindünýä wagyz işiniň düýbüni nädip tutdy? b) Isanyň göreldesine eýermäge seni näme höweslendirýär?
12 Isa diňe bir pygamber däl, eýsem, wagyzçy hem mugallymdy. Ol Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi we onuň ýaly mertlik bilen wagyz edýän adam bolmandy (Luka 4:16—21, 43). Mugallym hökmünde oňa taý ýokdy. Ony diňleýänleriň biri: «hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» diýdi (Ýahýa 7:46). Isa hoş habary yhlasly wagyz etdi we onuň yhlasy şägirtlerine-de täsir etdi. Şeýdip, ol şu günlere çenli dowam edýän bütindünýä wagyz we şägirt taýýarlamak işiniň düýbüni tutdy (Mat. 28:18—20; Res. iş. 5:42). Geçen ýyl Isanyň ýedi milliona golaý şägirtleri hoş habary wagyz etmek we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin bir ýarym milliard sagat sarp etdiler. Sen hem bu işe doly gatnaşýarmyň?
13. Bize «oýa» bolmaga näme kömek eder?
13 Ýehowanyň halkyna Musa ýaly pygamberi iberip, pygamberligini berjaý edendigine hiç hili şübhe ýok. Bu size nähili täsir edýär? Gelejekde-de pygamberlikleriň berjaý boljagy imanyňyzy berkidýärmi? Musadan Uly Isanyň mysaly barada oýlanmak we Hudaýyň etjek işlerine garaşmak «oýa, hüşgär bolmaga» höweslendirýär. (1 Sel. 5:2, 6).
Isanyň töwellaçy hökmünde ähmiýeti
14. Hudaý bilen ysraýyllylaryň arasynda Musa nädip töwellaçy boldy?
14 Isa-da Musa ýaly töwellaçydy. Töwellaçy iki tarapy baglanyşdyrýan köpri ýalydyr. Ýehowa ysraýyllylar bilen Musa arkaly äht baglaşdy. Eger Ýakubyň nesli Hudaýyň kanunyna gulak asan bolsa, onda olar Hudaýyň saýlan halky we ýygnagy bolardy (Müs. çyk. 19:3—8). Bu äht b. e. öň 1513-nji ýyldan başlap tä b. e. I asyryna çenli güýjüni ýitirmedi.
15. Isa nädip iň gowy töwellaçy boldy?
15 B. e. 33-nji ýylynda, Ýehowa mesh edilen mesihçileriň bütindünýä ýygnagy bolan täze Ysraýyl, «Hudaýyň Ysraýyly» bilen äht baglaşdy (Gal. 6:16). Musa arkaly baglaşylan ähte Hudaýyň daşa ýazan kanunlary degişli bolsa-da, Isa arkaly baglaşylan äht ondan has gowudyr. Soňky ähtiň kanunlaryny Hudaý adamlaryň «ýüreklerine ýazdy» (1 Timoteos 2:5; Ýewreýliler 8:10-nji aýatlary okaň). Şeýlelikde, indi «Hudaýyň Ysraýyly», Hudaýyň saýlanan halky, Patyşalygynyň «miwelerini öndürýän millet» boldy (Mat. 21:43). Bu ruhy halkyň agzalary täze ähte gatnaşyjy bolýar. Musa arkaly baglaşan ähtden has gowy bolan bu äht arkaly sansyz-sajaksyz uly märeke, hatda şu wagt ölüm ukusynda ýatan adamlar ebedi bereketler alar.
Isanyň halasgär hökmünde ähmiýeti
16. a) Ýehowa ysraýyllylary Musa arkaly nädip halas etdi? b) Müsürden çykyş 14:13-e görä, kim halas edýär?
16 Ysraýyllylaryň Müsürden çykmagynyň iň soňky gijeside käbirlerine howp abanýardy. Hudaýyň perişdesi Müsüriň içine aýlanyp, ähli nowbaharlary öldürmelidi. Ýehowa ýewreýler pasha guzusynyň ganyny gapynyň üstki we iki ýan söýesine çalsa, olaryň nowbaharlarynyň diri galjagyny Musa aýdýar (Müs. çyk. 12:1—13, 21—23). Şeýle-de boldy. Soňra bütin halka howp abanýar, ýagny Gyzyl deňziň we olary yzarlaýan söweş arabalarynyň arasynda gawalýar. Ýehowa olary ýene-de Musa arkaly halas edýär. Ol gudrat bilen deňziň suwuny ikä bölýär (Müs. çyk. 14:13, 21).
17, 18. Haýsy manyda Isa Musadan uly halasgär?
17 Ýokarda aýdylan wakalardan görnüşi ýaly, Ýehowa uly gutulyş etse-de, Isa arkaly etjek gutulşy has ulydyr. Hudaýa gulak asýan adamlar Isa arkaly günäniň gulçulygyndan azat ediler (Rim. 5:12, 18). Ol gutulyş «ebedi gutulyşdyr» (Ýew. 9:11, 12). Isanyň ady «Ýehowa Halasgär» diýmegi aňladýar. Halsgärimiz Isa diňe bir eden günälerimizden azat etmän, eýsem, ajap gelejege ýol açýar. Isa şägirtlerini günä gulçulygyndan azat edip, Hudaýyň gazabyndan halas eder we Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga mümkinçilik döredýär (Mat. 1:21).
18 Isanyň günäden halas etmegi wagtyň geçmegi bilen keselden we sölümden azat eder. Munuň näme aňladýandygyna düşünmek üçin, Ýaýrusyň 12 ýaşly gyzy ölende, onuň öýünde Isanyň näme edendigini ýada salalyň. Ol Ýaýrusa: «Gorkma, diňe iman et, ol gutular» diýdi (Luka 8:41, 42, 49, 50). Dogrudan-da, gyzjagaz direldi! Siz gyzjagazyň ata-enesiniň şatlygyny göz öňüne getirip bilersiňizmi? Şonda siz «gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň (Isanyň) sesini eşitjek wagtlary» direlende nähili şatlygyň boljagyny göz öňüne getirip bilersiňiz (Ýahýa 5:28, 29). Hakykatdan-da, Isa biziň Halasgärimiz! (Resullaryň işleri 5:31-i okaň; Titus 1:4; Ylh. 7:10).
19, 20. a) Musadan Uly bolan Isanyň ähmiýeti barada oýlanmaklyk bize nähili täsir edýär? b) Indiki makalada näme barada bileris?
19 Isanyň berýän gutulşyndan adamlar peýdalanyp biler ýaly, kömek edip biljekdigimiz barada bilip, biz wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga höweslenýäris (Iş. 61:1—3). Musadan Uly Isanyň ähmiýeti barada oýlansak, ol zalym dünýäni höküm edende, şägirtlerini halas etjegine has-da berk ynanyp bileris (Mat. 25:31—34, 41, 46; Ylh. 7:9, 14).
20 Hawa, Isa Musadan uludyr. Ol Musanyň edip bilmedik ençeme täsin işlerini etdi. Isanyň pygamberlik sözleri we töwellaçy hökmünde eden işleri bütin ynsana täsir edýär. Isa adamlary wagtlaýyn däl-de, ebedilik halas eder. Emma gadymky döwürde ýaşan wepaly adamlaryň mysalyndan Isa barada köp zatlary bilse bolýar. Indiki makalada onuň näme üçin Dawut we Süleýmandan Uludygyny bileris.
a Kanun taglymaty 18:15 «Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň. 18 Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Meniň sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin. 19 Kimde-kim Meniň adymdan sözleýän pygamberiň sözlerine gulak asmasa ol adam bilen Meniň Özüm hasaplaşaryn».
Siz nähili düşündirersiňiz?
Näme üçin Isa Musadan...
• pygamber hökmünde uly?
• töwellaçy hökmünde uly?
• halasgär hökmünde uly?
[26-njy sahypadaky çarçuwa/surat]
Isa ýene-de nämede Musa meňzeýär
□ Olaryň ikisi-de Ýehowa we onuň halkyna gulluk etmek üçin ýokary wezipesini goýdy (2 Kor. 8:9; Flp. 2:5—8; Ýew. 11:24—26).
□ Ikisi-de Ýehowa tarapyn bellenendi, ýagny «mesihdi» (Mar. 14:61, 62; Ýahýa 4:25, 26; Ýew. 11:26).
□ Ikisi-de Ýehowanyň adyndan geldi (Müs. çyk. 3:13—16; Ýahýa 5:43; 17:4, 6, 26).
□ Ikisi hem ýumşakdy (San. 12:3; Mat. 11:28—30).
□ Ikisi-de köp adamlary doýurdy (Müs. çyk. 16:12; Ýahýa 6:48—51).
□ Ikisi-de kazy we kanun çykaryjydy (Müs. çyk. 18:13; Mal. 4:4; Ýahýa 5:22, 23; 15:10).
□ Ikisi-de Hudaýyň öýüne ýolbaşçylyk etdi (San. 12:7; Ýew. 3:2—6).
□ Ikisine-de Ýehowanyň wepaly Güwäçisi diýilýär (Ýew. 11:24—29; 12:1; Ylh. 1:5).
□ Musa we Isa ölenden soň, Hudaý olaryň jesedini ýok etdi (Kanun. 34:5, 6; Luka 24:1—3; Res. iş. 2:31; 1 Kor. 15:50; Ýahuda 9).