Bolgariýadaky ýörite kampaniýa üstünlikli geçdi
«Hasyl bol, ýöne işçi az. Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň». (MAT. 9:37, 38)
ISANYŇ bu sözleri Bolgariýanyň ýagdaýyny örän gowy suratlandyrýar! Bolgariýa Ýewropanyň günorta-gündogaryndaky owadan Balkan ýurtlarynyň biri. Ol ýerde ýedi milliondan gowrak adam ýaşaýar. Bolgariýada takmynan 1 700 wagyzçy bar, emma ýurduň ähli künjegine hoş habary ýetirmek aňsat däl. Şonuň üçin Ýolbaşçylyk maslahaty Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan bolgar dilinde gepleýän wagyzçylary 2009-njy ýylda geçiriljek ýörite kampaniýa gatnaşmaga çagyrdy. Kampaniýa 2009-njy ýylyň tomus aýlarynda, ýedi hepdäniň dowamynda geçirilip, 14—16-njy awgustda Sofiýa şäherinde boljak «Oýa boluň!» atly welaýat kongresi bilen tamamlanmalydy.
Köp adam seslendi
Sofiýadaky Beýtelde gulluk edýän doganlar Fransiýadan, Germaniýadan, Gresiýadan, Italiýadan, Polşadan we Ispaniýadan «Näçe dogan gelerkä?» diýip oýlanýardylar. Sebäbi olar Bolgariýa gelmek üçin ýol kireýini özleri tölemelidiler we işden berilýän rugsat günlerini ulanmalydylar. Muňa garamazdan, isleg bildirýän wagyzçylaryň sany barha artyp, olar 292-ä ýetdi! Şeýle köp wagyzçynyň seslenmegi Bolgariýanyň üç şäherinde: Kazanlykda, Sandanskide we Silistrada wagyz etmäge mümkinçilik döretdi. Bolgariýanyň etrap gözegçisi hem ýerli pionerleri we wagyzçylary bu kampaniýany goldamaga çagyrdy. Netijede, 382 wagyzçy hoş habaryň seýrek wagyz edilýän ýerlerinde yhlasly wagyz etmäge isleg bildirdi.
Kampaniýanyň geçiriljek ýerine golaý ýerleşýän ýygnaklardan käbir doganlary öňünden iberdiler. Olar geljek wagyzçylar üçin birnäçe ýaşaýyş jaýlaryny kireýine alyp, arzan myhmanhanalardan otag sargyt etdiler. Ýerli doganlar meýletin wagyzçylaryň ähli zerurlyklary barada alada etmek üçin arman-ýadaman işlediler. Üç şäherde-de ýygnak duşuşyklaryny geçirer ýaly, ýer tapdylar we olary doganlaryň alyp barmagynyň aladasyny etdiler. Hatda bir wagyzçynyň hem ýaşamaýan ýerinde, elli Güwäçiniň ýygnakda Ýehowany şöhratlandyrýandygyny görmek, diýseň tolgundyrýardy.
Kampaniýa gatnaşmak üçin başga ýurtlardan gelen yhlasly wagyzçylar örän köpdi. Tomus aýlary Bolgariýada howanyň gyzgynlygy 40-dan geçýär. Emma yhlasly dogan-uýalara howa päsgel berip bilmedi. Dunaý derýasynyň kenarynda ýerleşýän Silistra şäheriniň 50 müňden gowrak ýaşaýjylaryna bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda güwälik edildi. Şol sebäpli doganlar golaýda ýerleşýän obalarda-da wagyz edip bildiler. Hatda Silistranyň günbatar tarapynda 55 km uzaklykda ýerleşýän Tutrakana hem baryp ýetdiler. Olar gullugy irden sagat 9:30-da başlap — günartanlyk naharyny edinip — agşam sagat 19:00-a çenli, hatda ondan hem köp wagyz etdiler. Gelen wagyzçylaryň sany köp bolandygy üçin, Kazanlykyň hem, Sandanskiniň hem golaýynda ýerleşýän obalarda we şäherlerde wagyz edildi.
Gazanylan üstünlikler
Ýedi hepdäniň dowamynda düýpli wagyz edildi. Resullaryň ýaşan döwründäki ýaly, bu şäheriň ýaşaýjylary-da: «Öz taglymatyňyz bilen (şäherimizi) doldurdyňyz» diýdiler (Res. iş. 5:28). Dogan-uýalarymyz 50 müň žurnal paýladylar we 482 adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladylar. Şeýlelikde, 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Silistra şäherinde bir ýygnak, Kazanlyk bilen Sandanski şäherlerinde bolsa toparlar döredildi. Bu wagyz işi döwründe, hoş habary eşiden we ruhy taýdan ösüp başlan adamlary görmek begendirýärdi.
Bolgar dilinde gepläp bilýän ýörite pioner uýamyz Bolgariýada wagyz etmek üçin Ispaniýadan gelipdi. Ol birinji hepdede Silistra şäherinde köçede gazet satyp ýören Karina atly bir aýala wagyz edýär. Karina hoş habar bilen gyzyklanyp, ýygnak duşuşygyna gelýär. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge höwes bilen razy bolýar. Onuň ýanýoldaşy Hudaýa ynanmaýardy, şol sebäpli Karina okuwy seýilgähde geçmegi teklip edýär. Okuw geçmäge iki gyzy hem goşulýar. Uly gyzy Daniýelanyň Mukaddes Ýazgylardaky hakykata minnetdarlygy artýar. Ol «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny bir hepdede okap, butlara we şekillere sežde etmeli däl diýen maslahaty derrew ulanýar. Soňra ol öwrenen zatlaryny joralaryna gürrüň berip başlaýar. Ol üç hepde geçensoň, ýygnak duşuşygyna gelýär we okuw geçirýän uýa şeýle diýýär: «Men özümi Ýehowanyň Güwäçisi ýaly duýýaryn. Wagyz etmek üçin men näme etmeli?» Daniýela ejesi we uýasy bilen birlikde ruhy taýdan gowy üstünlikler edýär.
Italiýaly doganymyz Orlin Kazanlyk şäherinde wagyz edýärdi. Bir gün ol ýaşaýan öýüne barýarka, seýilgähde oturan iki ýaş ýigide wagyz edýär. Orlin olara «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny hödürläp, soňky güni ýene-de geljekdigini aýdýar. Orlin ikinji sapar gelende, Swetomir bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar. Swetomir ertesi gün hem gelmegi haýyş edýär. Netijede, Orlin Swetomir bilen dokuz günüň içinde sekiz gezek okuw geçýär. Swetomir şeýle gürrüň berýär: «Men saňa duşmazymdan iki gün öň Hudaýa doga edip, Özüni tanatmagy haýyş etdim. Eger-de ol maňa kömek etse, öz durmuşymy oňa bagyş etjekdigimi söz berdim». Orlin ýurduna gaýdanda, Swetomir ýerli doganlar bilen okuw geçmegini dowam edýär we ol hakykaty gowy özleşdirýär.
Wagza gatnaşanlar bol berekediň eýesi boldular
Başga ýurtda wagyz etmek üçin ýol kireýini özleri töläp, rugsat günlerini höwes bilen sarp eden wagyzçylar özüni nähili duýdular? Ispaniýaly bir ýaşuly şeýle ýazýar: «Bolgariýada wagyz eden ispaniýaly doganlar örän ruhlandylar. Bu Ispaniýada bolgar dilinde wagyz edýän doganlary hem jebisleşdirdi». Italiýaly bir är-aýal şeýle gürrüň berýär: «Bu biziň durmuşymyzyň iň ajaýyp günleri boldy! Kampaniýa biziň durmuşymyza täsir edip, garaýşymyzy özgertdi». Olar häzir wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin, Bolgariýa hemişelik göçmek barada oýlanýarlar. Ispaniýaly Karina atly pioner uýamyz Silistra şäherindäki wagyz işine gatnaşdy. Ol ýurduna dolanandan soňra, Bolgariýada dörän täze ýygnagy goldamak üçin işinden çykýar. Karina bir ýyl Bolgariýada ýaşamak üçin pul toplap, ol ýere göçýär. Uýamyz gelen karary barada şeýle diýýär: «Ýehowanyň maňa Bolgariýada gulluk etmäge mümkinçilik berenine örän minnetdar. Men bu ýerde köpräk galmak barada oýlanýaryn. Häzir men bäş adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärin. Olaryň üçüsi ýygnak duşuşyklaryna barýar».
Italiýada bir uýa kampaniýa gatnaşmak isleýärdi. Emma ýaňy işe girendigi üçin oňa rugsat günleri berilmeýärdi. Ol şonda-da, bir aý tölegsiz rugsat almakçydy, rugsat berilmese, hatda işinden çykmaga-da razydy. Geň galaýmaly, başlygy oňa şeýle diýdi: «Bolýar, ýöne bir şert bilen, sen maňa Bolgariýadan otkrytka iberersiň». Uýamyz dogasyna Ýehowanyň jogap berendigine begendi.
Bolgariýanyň Warna şäherinde ýaşaýan ýaş uýamyz Stanislawa gowy aýlykly işde uzak gün işleýärdi. Ol Silistrada wagyz etmek üçin işinden rugsat günlerini alýar. Stanislawa uzak ýurtlardan hoş habary wagyz etmäge gelen ençeme şadyýan pionerleri görende, gözünde ýaş aýlanýar. Ol wezipä kowalaşmagyň nämä eltýändigi barada oýlanyp başlaýar. Stanislawa iki hepdeden öýüne dolanýar we işden çykyp, pioner gullugyna başlaýar. Häzir ol özüni örän bagtly duýýar we ýaşlyk günlerinde Beýik Ýaradyjysyny unutmaýar (Wag. 12:2).
Görşümiz ýaly, yhlasly wagyz etsek, Ýehowa bol bereket berýär. Hoş habary wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga wagtyňy hem-de güýjüňi sarp etseň, iň wajyp iş etdigiň bolar. Sen halas ediji işe köpräk gatnaşmak üçin näme edip bilersiň? Belki, seniň ýurduňda wagyzçylaryň ýetmeýän ýeri bardyr. Sen ol ýere göçüp bilermiň? Ýa-da başga dili öwrenip, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilmek isleýän adamlara kömek edip bilersiň. Köpräk wagyz etmek üçin nähili özgeriş etseň-de, Ýehowanyň saňa bol bereket berjekdigine şübhelenmän bilersiň (Sül. tym. 10:22).
Unudylmajak gün
Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan Bolgariýadaky kampaniýa gatnaşmaga gelen wagyzçylar Sofiýa şäherinde geçiriljek «Oýa boluň!» atly welaýat kongresine barmagy hem maksat edindiler. Ýerli dogan-uýalar başga ýurtdan gelen ençeme imandaşlaryny görüp, örän ruhlandylar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy doganymyz Jeffri Jekson bolgar dilinde «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» çykanyny yglan edende, bu 2 039 adamy tolgundyrdy! Anna güni kongrese gelenleriň ählisi ýürekden minnetdarlygyny joşgunly we uzak wagtlap el çarpmak bilen bildirdiler. Köp adamlar begenjinden ýaňa agladylar. Bu anyk we düşnükli terjime akýürekli bolgarlara Ýehowany tanamaga kömek eder.