Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/9 sah. 25—29
  • Ýehowa sizi tanaýarmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa sizi tanaýarmy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Iman edenleriň atasy
  • Ýehowanyň kömek etjekdigine iman ediň
  • Kiçigöwünlilik we tekepbirlik
  • Ýehowa gulak asmak üçin kiçigöwünlilik gerek
  • Ýehowa özüniňkileri tanaýar
  • Olar Ýehowa garşy çykdylar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowa oňa «dostum» diýdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Musanyň imanyndan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ybraýym pygamber kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/9 sah. 25—29

Ýehowa sizi tanaýarmy?

«Reb Özüniňkileri tanaýandyr». (2 TIM. 2:19)

1, 2. a) Isa näme bilen gyzyklanyp ýaşaýardy? b) Biz haýsy soraglaryň üstünde oýlanmaly?

BIR gezek kanunçy Isadan: «Kanunda iň uly tabşyryk näme?» diýip soraýar. Isa-da oňa: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» diýip jogap berýär (Mat. 22:35—37). Isa Ýehowany çuňňur söýýärdi. Isa özi barada Ýehowanyň näme pikir edýändigi bilen gyzyklanyp ýaşaýardy. Ine, şol sebäpli-de ol ölmeziniň öň ýanynda Hudaýa wepalylygy barada şu sözleri aýtdy: «Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsinde galýaryn» (Ýahýa 15:10).

2 Şu günler köp adamlar Hudaýy söýýändigi barada aýdýarlar. Biz-de bu barada aýdýarys. Ýöne käbir möhüm soraglaryň üstünde oýlanmaly: Ýehowa meni tanaýarmy? Ol men barada näme pikir edýär? Ýehowa meni özüne degişli hasaplaýarmy? (2 Tim. 2:19). Älemiň hökümdary bilen dost bolmak nähili ajaýyp!

3. Näme üçin käbir adamlar özüni Ýehowanyňky hasaplap bilmeýär we olara pikirini özgertmäge näme kömek edip biler?

3 Hatda Ýehowany söýýän adamlaryň käbiri Hudaý bilen dostlaşmak aňsat däldir öýdýärler. Olar özüni Hudaýa mynasyp görmeýärler. Şonuň üçin özüni Ýehowanyňky hasaplap bilmeýärler. Emma Ýehowa bize başgaça garaýar (1 Sam. 16:7). Pawlus resul imandaşlaryna: «Kim Hudaýy söýýän bolsa, Hudaý hem ony tanaýandyr» diýdi (1 Kor. 8:3). Şu soraglar barada oýlanyň: Siz bu makalany näme üçin okaýarsyňyz? Näme üçin siz bütin ýüregiňiz, janyňyz, düşünjäňiz we güýjüňiz bilen Ýehowa gulluk etmäge jan edýärsiňiz? Siz näme üçin özüňizi Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyryldyňyz? Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Ýehowa ýürekleri görýär we «arzyly» adamlary agtarýar, soňra olary Özüne «çekýär», ýagny Özi bilen dostlaşmaga çagyrýar (Haggaý 2:7a; Ýahýa 6:44-nji aýatlary okaň). Siz Ýehowanyň islegi bilen gulluk edýändigiňizi unutmaň. Ol Özi bilen dostlaşmaga çagyran wepaly adamlary hiç haçan terk etmez. Hudaý olary gymmat saýýar we örän söýýär (Zeb. 94:14).

4. Biz näme üçin Ýehowa bilen dostlugymyzyň gymmaty barada hemişe oýlanmaly?

4 Ýehowa bizi Özüne çekdi, şol sebäpli özümizi Onuň söýgüsinde saklamak gerek (Ýahuda 20, 21-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýdan daşlaşyp bolýandygy aýdylýar (Ýew. 2:1; 3:12, 13). Meselem, Pawlus resul 2 Timoteos 2:19-daky sözleri ýazmazdan öň, Imeneýus bilen Filatusyň hakykaty taşlandyklaryny aýdýar (2 Tim. 2:16—18). Galatýa ýygnagyndakylaryň hem käbiri hakykaty goýdular (Gal. 4:9). Biz Ýehowa bilen dostlugymyzyň gymmatlydygyny hiç haçan unutmaly däl.

5. a) Hudaýyň tanaýan adamy bolmak üçin haýsy häsiýetleri ösdürmeli? b) Biz haýsy adamlar barada gürrüň ederis?

5 Ýehowanyň tanaýan adamy bolmak üçin käbir häsiýetleri ösdürmeli (Zeb. 15:1—5; 1 Pet. 3:4). Bu häsiýetleriň ikisi: iman we kiçigöwünlilik. Häzir biz Ýehowanyň söýýän gullukçylary barada gürrüň ederis, çünki olarda şeýle häsiýetler bardy. Şeýle-de Ýehowanyň inkär eden, tekepbir adamy barada gürrüň ederis. Biz olardan wajyp sapak edineris.

Iman edenleriň atasy

6. a) Ybraýym Ýehowanyň wadalaryna iman edýändigini nädip görkezdi? b) Ýehowanyň Ybraýymy tanaýandygy näme aňladýar?

6 Ybraýym «Rebbe iman edýän» adamdy. Ol «iman edýänleriň barynyň atasy boldy» (Gel. çyk. 15:6; Rim. 4:11). Ybraýym Hudaýa iman edeni üçin öýüni, dostlaryny, işini we bar zatlaryny taşlap, uzak ýurda gitmäge taýyn boldy (Gel. çyk. 12:1—4; Ýew. 11:8—10). Ybraýymyň berk imany bardy. Birnäçe ýyl geçenden soň, ol Ýehowanyň tabşyrygyny ýürekden ýerine ýetirdi we ogly Yshagy Ýehowa hödürledi. Bu onuň Hudaýa iman edýändigini görkezdi (Ýew. 11:17—19). Ybraýym Ýehowanyň beren wadalaryna iman edip, has-da Hudaýyň göwnünden turdy. Hakykatdan-da, Ýehowa Ybraýymy tanaýardy (Gelip çykyş 18:19-y okaň). Ýehowa Ybraýym atly adamyň bardygyny bilmek bilen çäklenmän, eýsem, ony dosty hökmünde söýýärdi (Ýakup 2:22, 23).

7. Ybraýym Ýehowanyň wadalary barada näme bilýärdi we ol imanyny nädip görkezdi?

7 Ýehowa Ybraýyma nesilleriniň «duşmanlaryndan üstün çykjakdygyny» we «deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpeltjekdigini» wada berdi (Gel. çyk. 22:17, 18). Bu wadalar Ybraýymyň döwründe berjaý bolmasa-da, onuň Ýehowa bolan imany gowşamady. Ol Hudaýyň wadalarynyň hemişe ýerine ýetýändigine iman edýärdi we bu onuň durmuşyna täsir etdi (Ýewreýler 11:13-i okaň). Ýehowa bizi Ybraýym ýaly imanly adam hasaplaýarmy?

Ýehowanyň kömek etjekdigine iman ediň

8. Köp adamlar nämäni arzuw edýär?

8 Mümkin, biz durmuş gurmak, çaga edinmek we sagdyn bolmak ýaly zatlary arzuw edýändiris. Bulara erbet diýip bolmaz. Ýöne biziň köpümiz höwes edýän zatlarymyza ýetip bilmeýäris. Şeýle ýagdaýda biz näme ederis? Biziň özümizi alyp barşymyz imanymyzyň nähilidigini görkezer.

9, 10. a) Käbirleri arzuwyna ýetmek üçin näme edýärler? b) Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetişi durmuşyňyza nähili täsir edýär?

9 Arzuwyňa ýetmek üçin Hudaýyň görkezmesini inkär etmek akylsyzlyk bolardy. Bu biziň Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirer. Meselem, käbir adamlar saglygy üçin Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän bejergini saýlaýarlar. Käbirleri maşgalasyna we ýygnak duşuşyklaryna wagt galmaýan işe girýärler. Başgalary bolsa durmuş gurmak üçin Ýehowa gulluk etmeýän adamlar bilen duşuşyp başlaýarlar. Eger mesihçi şeýle işleri etse, Ýehowanyň ony tanamagyny isleýändigini görkezermi? Aýdaly, Ybraýym Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşmaýar. Bu Ýehowa nähili täsir ederdi? Eger Ybraýym öz göwnüne ýaraýan işleri edip, ýene-de gowy ýaşamagyň aladasyny eden bolsa näme? Ol Ýehowa garaşman öz adyny şöhratlandyrmagy ýüregine düwen bolsa näme? (Gelip çykyş 11:4-i deňeşdiriň). Şeýtse, ol Ýehowanyň göwnünden turarmydy?

10 Siziň nähili arzuwlaryňyz bar? Siz arzuwyňyza ýetmek üçin iman bilen Ýehowa garaşarmysyňyz? Ol «ähli dirileri islegleri boýunça doýurmagy» wada edýär (Zeb. 145:16). Ybraýymyň mysalyndan görnüşi ýaly, ähtimal, Ýehowanyň käbir wadalary biziň isleýşimiz ýaly çalt ýerine ýetmez. Emma Ybraýym ýaly iman etsek, Ýehowa bizi unutmaz, Ol bizi hökman sylaglar (Ýew. 11:6).

Kiçigöwünlilik we tekepbirlik

11. Korah ençeme ýyllap näme etdi?

11 Geliň, häzir häsiýetleri gapma-garşy gelýän iki adam, ýagny Musa we Korah barada gürrüň edeliň. Bu bize ençeme ýyllap Ýehowanyň çykaran kararlaryna we eden işlerine hormat goýýandygymyza garamazdan, Ýehowanyň biz barada näme pikir edýändigine düşünmäge kömek eder. Korah lewi tiresiniň kohat urugyndandy. Ol Ýehowanyň ysraýyl halkyny Gyzyl deňzinde halas edenini gören bolmaly. Şeýle-de ol ysraýyllylaryň Sina dagynda gulak asmadyk adamlara Ýehowanyň çykaran höküminiň ýerine ýetişini görüpdi we Äht sandygyna jogapkärdi (Müs. çyk. 32:26—29; San. 3:30, 31). Görşümiz ýaly, ol ençeme ýyllap Ýehowa wepaly gulluk edipdir. Şonuň üçin hem ony ysraýyllylaryň köpüsi sylaýardy.

12. Korahyň tekepbirligi Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyna nähili täsir etdi?

12 Wada edilen diýara barýan ýolda Korah Ýehowanyň halkyna ýolbaşçylyk edişini nädogry hasaplaýar. Şonda 250 adam Korahyň tarapyna geçýär. Olar Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdadyryn öýdýärdiler. Olar Musa şeýle diýdiler: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr» (San. 16:1—3). Olar özüne bil baglap, örän tekepbirlik etdiler. Musa olara: «Kime Onuň ýanyna golaýlaşmaga rugsat edilendigini Reb... aýan eder» diýdi (Sanlar 16:5-i okaň). Şol günüň ertesi Korah we onuň tarapdarlarynyň ählisi öldi (San. 16:31—35).

13, 14. Musa kiçigöwünli adamdygyny nädip görkezdi?

13 Musa Korahdan düýbünden tapawutlanýardy. Ol «juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy» (San. 12:3). Onuň kiçigöwünli we ýumşak adamdygyny Ýehowanyň tabşyrygyny dürs berjaý edişinden görse bolýar (Müs. çyk. 7:6; 40:16). Mukaddes Ýazgylarda Musanyň Ýehowanyň edýän işleri bilen ylalaşmandygy ýa-da Onuň beren görkezmesine gaharlanandygy barada aýdylmaýar. Meselem, Ýehowa çadyr gurmak barada jikme-jik görkezme berende, onuň perdesiniň nähili reňkde we näçe sany halkanyň bolmalydygy barada-da aýdypdy (Müs. çyk. 26:1—6). Hudaýyň guramasynyň gözegçisi belli bir tabşyryk berende, belki-de, siz käte ruhdan düşýänsiňiz. Emma Ýehowa kämil Gözegçi. Ol gullukçylaryna tabşyryk berende, onuň gowy ýerine ýetirilmegine garaşýar. Ol jikme-jik görkezme berse, has-da gowy bolýar. Meselem, Ýehowa Musa jikme-jik görkezme berende, ol gaharlanmady, Hudaý meni sylamaýar we erkinlikden mahrum edýär diýip pikir etmedi. Musa Ýehowanyň tabşyrygyny «buýruşy ýaly» etdi (Müs. çyk. 39:32). Gör, nähili kiçigöwünlilik! Musa bu işiň Ýehowanyňkydygyna we özüniň gural hökmünde ulanylýandygyna düşünýärdi.

14 Musada ruhdan düşmäge sebäp bolsa-da, ol kiçigöwünli boldy. Meselem, halk suw ýok diýip zeýrenende, Musanyň olara juda gahary gelip, Ýehowany şöhratlandyrmady. Şol sebäpli Ýehowa oňa halky Wada edilen diýara girizmäge rugsat bermedi (San. 20:2—12). Musa bilen Harun ysraýyllylaryň zeýrenişinden ýaňa ençeme ýyl ejir çekdiler. Indi bolsa, Musa ýekeje ýalňyşlyk üçin uzak wagtlap, sabyrsyzlyk bilen garaşan diýaryna girmeli däl! Musa näme etdi? Ol ruhdan düşüp bilerdi, emma Ýehowanyň kararyny kiçigöwünlik bilen kabul etdi. Ol Ýehowanyň adalatly Hudaýdygyny we «bütin ýollarynyň hakdygyny» bilýärdi (Kan. tag. 3:25—27; 32:4). Häzir biz Musa barada oýlananda, onuň Ýehowanyň tanaýan adamlarynyň biridigine şübhelenmeýäris (Müsürden çykyş 33:12, 13-nji aýatlary okaň).

Ýehowa gulak asmak üçin kiçigöwünlilik gerek

15. Korahyň tekepbirliginden nähili sapak edinse bolar?

15 Eger biz ýygnakda bolýan özgerişleri kabul etsek, Ýehowanyň razylygyny gazanarys. Biz Ýehowanyň ýygnaga ýolbaşçylyk etmek üçin ulanýan adamlaryna hormat goýmaly. Olar ýygnakda belli bir karar kabul edende ýa-da düzediş girizende, biz näme edýäris? Korah we onuň ýaranlary özüne bil baglap, Hudaý bilen dostlugyny ýitirdiler. Olar tekepbirlik edip, imanynyň gowşandygyny görkezdiler. Korah Musany juda garry saýyp, ol özüçe karara gelýändir öýtdi, emma Ýehowanyň ol arkaly ysraýyllylara ýolbaşçylyk edýändigini unutdy. Şeýdip, ol Hudaýyň ulanýan adamlaryny inkär etdi. Korah Ýehowa garaşmalydy. Ýehowa oňa bu zatlaryň näme üçin şeýle bolýandygyny ýa-da gerekli ýagdaýda özgeriş etjekdigini düşündirerdi. Şol sebäpli biz Korahyň Ýehowa ençeme ýyllap wepaly gullugyny däl-de, ony tekepbirlik edip, Ýehowa gulak asmadyk adam hökmünde ýada salýarys.

16. Musanyň kiçigöwünliligi bize nädip kömek edip biler?

16 Korah bilen bolan waka ýygnagyň ýaşulularyna we beýleki agzalaryna sapak bolup biler. Biz kiçigöwünli bolsak, Ýehowa garaşyp, Onuň ýygnaga ýolbaşçylyk etmek üçin bellän adamlaryna gulak asarys. Biz Musa ýaly kiçigöwünli we ýumşak bolýarysmy? Jogapkär doganlary Ýehowanyň belleýändigine düşünýärismi we olary goldaýarysmy? Olaryň görkezmesine eýerýärismi? Tamamyz çykmadyk mahaly özümize erk edýärismi? Şeýle etsek, biz Ýehowanyň razylygyny gazanarys. Eger kiçigöwünli bolup, Ýehowa gulak assak, Ol bizi gymmat saýar.

Ýehowa özüniňkileri tanaýar

17, 18. Ýehowanyň razylygyny gazanmaga näme kömek eder?

17 Ýehowanyň söýýän we dost bolmaga çagyran adamlarynyň galdyran göreldesi barada oýlansak paýhasly bolardy. Ybraýym bilen Musa bikämildi, olar-da biziň ýaly kynçylyklara uçrapdyrlar. Ýöne Ýehowa olary dosty we özüne degişli hasaplapdyr. Olar Koraha düýbünden meňzemeýär. Korahyň mysalyndan Ýehowadan daşlaşyp, Onuň bilen dostlugyňy nädip ýitirip bolýandygyny görse bolýar. Biziň her birimiz şu soraglaryň üstünde oýlanmaly: Ýehowa men barada näme pikir edýär? Ýokarda agzalan adamlaryň göreldesinden näme öwrenip bilýärin?

18 Ýehowa wepaly gullukçylaryny özüniňki hasaplaýar. Bu bizi ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, iman we kiçigöwünlilik ýaly häsiýetleri ösdürmäge jan edeliň. Olar bizi Hudaý üçin has-da gymmatly eder. Ýehowany tanamak uly hormatdyr. Onuň razylygyny gazanan adamlar häzir bagtly ýaşaýarlar, gelejekde bolsa ajaýyp bereketleriň eýesi bolarlar (Zeb. 37:18).

a Haggaý 2:7 Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Men ähli halklary silkerin we bütin halklardan arzyly hazynalar geler; Men bu öýi şöhratdan dolduraryn».

Ýadyňyzdamy?

• Ýehowanyň tanaýanlary diýmek nämäni aňladýar?

• Biz Ybraýymyň imanyna nädip eýerip bileris?

• Korah bilen Musadan nähili sapak edinse bolar?

[26-nji sahypadaky surat]

Biz Ybraýym ýaly Ýehowanyň beren wadasyny berjaý etjekdigine ynanýarysmy?

[28-nji sahypadaky surat]

Korah berlen görkezmä gulak asmak islemedi

[29-nji sahypadaky surat]

Ýehowa sizi berlen görkezmä kiçigöwünlilik bilen eýerýän adam hökmünde tanaýarmy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş