Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 27 sah. 68—sah. 69 abz. 2
  • Olar Ýehowa garşy çykdylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Olar Ýehowa garşy çykdylar
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Harunyň güllän hasasy
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehowa sizi tanaýarmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 27 sah. 68—sah. 69 abz. 2
Karun we ony goldaýanlar Musa bilen Haruna garşy çykýar

27-NJI SAPAK

Olar Ýehowa garşy çykdylar

Ysraýyllaryň çölde ýaşap ýörenine köp wagt boldy. Bir gün Karun, Datan, Abyram bilen 250 adam Musa garşy çykdy. Olar: «Biz sizi diňlejek däl. Diňe siz ýolbaşçy bolmalymy? Diňe Harun baş ruhany bolmalymy? Ýehowa bize-de kömek edýär» diýdiler. Şonda Ýehowanyň gahary geldi. Olar Musa bilen Haruna däl, Ýehowa garşy çykdylar.

Musa Karuna we ýanyndaky adamlara: «Ertir mukaddes çadyra geliň. Tütetgi ýakmak üçin gabyňyzy hem getiriň. Ýehowanyň kimi saýlandygyny görersiňiz» diýdi.

Ertesi gün Karun bilen 250 adam mukaddes çadyryň öňüne bardy. Olar getiren gaplarynda tütetgi ýakdylar. Ýöne tütetgini ruhanylar ýakýardy. Ýehowa Musa bilen Haruna: «Olaryň ýanyndan aýrylyň» diýdi.

Musanyň aýdyşy ýaly, Karun çadyra geldi. Ýöne Datan, Abyram we maşgalasy mukaddes çadyryň ýanyna gelmedi. Ýehowa ysraýyllara: «Karunyň, Datanyň we Abyramyň çadyrynyň ýanynda durmaň» diýdi. Olar hem derrew başga ýere geçdiler. Datan bilen Abyram aýaly hem çagalary bilen çadyrynyň daşynda durdy. Birdenem ýer ikä bölündi, olar içine gaçdylar. Şeýdip, ählisi öldi. Ýöne Karun bilen 250 adam mukaddes çadyryň ýanynda durdy. Ýehowa olary ot bilen ýakyp öldürdi.

Ýer ikä bölünip, Datan bilen Abyramy we maşgalasyny ýuwudýar

Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Her taýpanyň ýolbaşçysy bir taýak getirsin. Hersiniň taýagyna adyny ýaz. Lewi taýpasynyň getiren taýagyna Harunyň adyny ýaz. Taýaklary mukaddes çadyrda goý. Kimi saýlasam, şonuň taýagy güllär».

Ertesi gün Musa taýaklary ýolbaşçylara görkezdi. Taýaklaryň diňe biri gülläpdir. Hatda onda bişen badamlar hem bardy. Ol Harunyň taýagydy. Ýehowa Haruny baş ruhany edip belläpdi. Adamlaram ony Ýehowanyň saýlandygyna düşündiler.

«Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň we tabyn boluň» (Ýewreýler 13:17).

Soraglar: Musa kimler garşy çykdy we näme üçin? Ýehowa Haruny saýlandygyny nädip görkezdi?

4 Musa 16:1—17:13; 26:9—11; Zebur 106:16—18

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş