39-NJY HEKAÝA
Harunyň güllän hasasy
BU HASADAKY açylan güle we ýetişen badama seret. Bu Harunyň hasasy. Olar bary-ýogy bir gijäniň içinde Harunyň hasasynda peýda boldy! Gel, munuň näme üçin beýle bolanyny bileli.
Ysraýyllylar birnäçe wagtlap çölde gezdiler. Olaryň käbirleri Musa ýolbaşçy bolmaly däl, Harun bolsa baş ruhany bolmaly däl diýen pikirdedi. Korah, Datan, Abiram we halka baştutanlyk edýän 250 sany adam hem şeýle pikirdedi. Ol adamlaryň ählisi Musanyň ýanyna gelip, gahar bilen: «Siz näme üçin özüňizi beýleki adamlardan ýokary tutýarsyňyz?» diýýär.
Musa Koraha we onuň tarapdarlaryna: «Ertir buhury alyp buhurdanda goýuň. Soňra Ýehowanyň çadyrynyň ýanyna baryň, şonda Ýehowanyň kimi saýlaýandygyny göreris» diýdi.
Ertesi gün Korah we onuň 250 sany tarapdary hem-de olary goldaýan birnäçe adamlar çadyryň ýanyna gelýär. Ýehowa muňa gaty gaharlandy. Musa halka: «Bu ýaramaz adamlaryň çadyrynyň ýanyndan aýrylyň we olaryň zatlaryny ellemäň» diýip tabşyrdy. Halk oňa gulak asyp, Korahyň, Datanyň we Abiramyň çadyryndan aýryldy.
Soňra Musa: «Ýer açylyp ýaramaz adamlary ýuwdar. Şonda siz Ýehowanyň kimi saýlandygyny bilersiňiz» diýýär.
Edil şol wagt ýer açylýar. Korahyň çadyryny, ähli zadyny hem-de Datany, Abiramy we olary goldaýanlary ýer ýuwudýar. Halk ýeriň astyna gidip barýan adamlaryň agy sesini eşidende gaty gorkup: «Gaçalyň! Ýogsam ýer bizem ýuwdar!» diýýär.
Korah we onuň 250 sany tarapdary entegem çadyryň ýanyndadylar. Şonda Ýehowa gökden ot ýagdyrýar we olaryň bary ölýär. Soňra Ýehowa Harunyň ogly Eliýazara, heläk bolan adamlaryň buhurdanlaryny alyp, gurban edilýän ýeriň üstüni basyrmak üçin ýuka demir bölegini ýasamagy tabşyrýar. Bu bassyrma Harundan we onuň ogullaryndan başga hiç kimiň Ýehowa ruhany bolup gulluk etmeli däldigini ysraýyllylara ýatlatmalydy.
Emma Ýehowa Haruny we onuň ogullaryny hemişelik ruhany saýlandygyny görkezmek isleýär. Şonuň üçin ol Musa: «Goý, Ysraýylyň her taýpasynyň baştutany öz hasasyny getirsin. Lewililer taýpasyndan bolsa, Harun öz hasasyny getirsin. Soňra bu hasalary çadyrda äht sandygynyň öňünde goý. Kimi ruhany edip saýlasam, şonuň hasasy güllär» diýip tabşyrýar.
Musa irden gelip görse, Harunyň hasasy gülläp miwe getiripdir! Sen indi Harunyň hasasyny Ýehowanyň näme üçin gülledendigine düşündiňmi?