«Baýrak alar ýaly ylgaň»
«Baýrak alar ýaly ylgaň». (1 KOR. 9:24)
1, 2. a) Pawlus ýewreý mesihçilerini nädip ruhlandyrdy? b) Pawlus bize näme maslahat berdi?
PAWLUS RESUL ylgamak mysaly arkaly ýewreý mesihçilerini ruhlandyrmak isledi. Ol hatynda olary ylgaýan türgenlere meňzetdi. Ýöne ylgaw ýolunda olar ýeke däldiler. Gadymy döwürde Ýehowanyň ençeme wepaly gullukçylary pellehana ýetip bildiler. Pawlus olary «uly güwäler buludyna» meňzedýär. Eger ýewreý mesihçileri olaryň iman arkaly eden işlerini we tagallalaryny unutmasalar, olar-da pellehana ýetip bilerdiler.
2 Biz geçen makalada Ýehowanyň käbir wepaly gullukçylary barada gürrüň etdik. Olaryň Hudaýa bolan berk imany mesihçilere ömrüniň ahyryna çenli wepaly galmaga kömek etdi. Olar pellehana ýetýänçä ylgap bildiler. Pellehana ýetmek üçin biz näme etmeli? Pawlus bize: «Her hili ýüki, bizi aňsatlyk bilen bürän günäleri taşlap, öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgalyň» diýip maslahat berdi (Ýew. 12:1).
3. Mesihçiler grek türgenlerinden näme öwrenip biler?
3 Näme üçin Pawlus «her hili ýüki... taşlaň» diýdi? I asyrda ýaşan mesihçiler barada ýazylan bir kitapda türgenleriň ylgaýşy hakynda: «Grek sportsmenleri ýalaňaç görnüşde türgenleşip, ýaryşýardylar» diýilýär («Backgrounds of Early Christianity»)a. Şu günler şeýle görnüşde ýaryşmak nädogry bolardy. Emma olar sylag almaga hiç zadyň päsgel bermezligi üçin eşiksiz ylgapdyrlar. Diýmek, Pawlus «her hili ýüki... taşlaň» diýende, ýewreý mesihçileriniň ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga hiç zadyň päsgel bermezligi üçin jan etmelidigini görkezýär. Bu maslahat ýewreýler üçin-de, biziň üçin-de peýdalydyr. Biziň günlerimizde «ýük» nämäni aňladýar we ol bize pellehana ýetmäge nädip päsgelçilik döredip biler?
«Her hili ýüki... taşlaň»
4. Nuhuň döwründe adamlar näme edipdirler?
4 Pawlus «her hili ýüki... taşlaň» diýdi. Ýük — bu ylgaw ýoluna doly üns bermäge we pellehana ýetmäge päsgel berýän islendik zady aňladyp biler. Olara näme degişli? Isa muňa düşünmäge kömek edýär. Ol: «Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar» diýdi (Luka 17:26). Hawa, biz hem Nuh ýaly soňky günlerde ýaşaýarys. Isa şu günki adamlary Tupanyň öň ýanyndaky ýaşan adamlara meňzedýär (Matta 24:37—39-njy aýatlary okaň). Nuhuň döwründäki adamlaryň köpüsi Hudaýy tanamak we Oňa ýaramly ýaşamak islemediler. Olar näme etdiler? Olar «iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar». Bular adaty bolmaly zatlar. Emma adamlar olary Hudaýyň habaryndan wajyp saýypdyrlar. Isa: «Olar hiç zady bilmeýärdiler» diýdi.
5. Pellehana ýetmäge bize näme kömek eder?
5 Nuh we onuň maşgala agzalary ýaly, biz-de her gün köp zatlary etmeli. Biz pul gazanmaly, özümiziň we maşgala agzalarymyzyň aladasyny etmeli. Bu zatlar biziň köp wagtymyzy we güýjümizi alyp biler. Esasan-da, ykdysadyýetiň pese düşen döwründe, ýaşaýyş üçin zerur zatlar barada aladalanmazlyk mümkin däl. Emma Ýehowa özümizi bagyş edendigimiz üçin, biziň başga-da wajyp borçlarymyz bar: wagyz etmeli, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, olara gatnaşmaly, maşgala we şahsy okuwyny geçirmeli. Nuh-da Ýehowa gulluk etmek üçin köp zatlary etmelidi, emma ol «Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» (Gel. çyk. 6:22). Eger biz Ýehowanyň aýdan zatlarynyň ählisini ýerine ýetirip, pellehana ýetmek islesek, onda ylgamaga päsgel berjek zatlary göterip, ýük etmeris.
6, 7. Näme üçin Isanyň sözlerini unutmaly däl?
6 Pawlus «her hili ýüki... taşlaň» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Ol ähli borçlary taşlaň diýmedi, çünki olaryň käbiri wajypdyr. Isanyň wajyp zatlar barada näme diýenini ýada salalyň: «“Näme iýeris?“, “Näme içeris?“, “Näme geýeris?“ diýip, hiç haçan gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar; ýöne gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär» (Mat. 6:31, 32). Isanyň aýtmagyna görä, eger biz iýmit, egin-eşik ýaly zerur zatlary örän wajyp hasaplasak, olar bize ýük bolup, ylgamaga päsgel berer.
7 Isanyň «Gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär» diýen sözlerini unutmaň. Bu sözler Ýehowa Atamyzyň biziň zerurlyklarymyz barada alada edýändigini görkezýär. Elbetde, «bu zatlaryň barysy» diýlende, biziň isleýän ähli zatlarymyzy aňlatmaýar. Isa zerurlyklarymyz barada çendenaşa alada etmezligimizi aýtdy. Ýogsam, biz bu zatlary «agtarýan» milletlere meňzäris. Näme üçin alada etmek howply? Isa şeýle diýdi: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn, çünki ol gün... duzak kimin geler» (Luka 21:34, 35).
8. Biz näme üçin «her hili ýüki... taşlamaly»?
8 Biz ylgaw ýoluny tamamlap, pellehana ýetip barýarys. Şol sebäpli biz hiç zadyň päsgel bermegine ýol bermek islemeýäris. Biz «her hili ýüki taşlamaly»! Pawlus resul: «Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr» diýdi (1 Tim. 6:6). Onuň maslahatyny ýürekden kabul etsek, sylaga mynasyp bolarys.
«Bizi aňsatlyk bilen bürän günä»
9, 10. a) Bizi aňsatlyk bilen büreýän günä näme? b) Mesihçiniň imanyna näme bolup biler?
9 Pawlus ýene-de bir zat barada gürrüň berýär. Ol «aňsatlyk bilen bürän günäleri taşlamalydygymyzy» aýdýar. Grek dilinden terjime edilen «aňsatlyk bilen bürän» diýen jümle diňe şu aýatda duş gelýär. Albert Barnz alymyň aýtmagyna görä, grek türgenleri aýagyna çolaşyp, ylgamagyna päsgel berjek zat barada alada etmändirler, çünki olaryň eşigi bolmandyr. Şonuň ýaly-da, ylgamagy kynlaşdyrjak zadyň mesihçä-de päsgel bermeli däldigi aýdylýar. Mesihçiniň büdremegine we imanynyň gowşamagyna näme päsgel berip biler?
10 Mesihçiniň imany duýdansyz gowşamaýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan bolýar, hatda imanynyň gowşap başlandygyny mesihçiniň duýmazlygy-da mümkin. Pawlus bu barada ýewreý mesihçilerine ýazan hatynda duýdurypdy. Ol mesihçileriň imandan «daşlaşmazlygyny» we «imansyzlygyň erbet ýüreginiň bolmazlygyny» aýtdy (Ýew. 2:1; 3:12). Eger-de türgeniň eşigi aýagyna çolaşsa, ol ýykylmazmy?! Elbetde, ol ýykyljakdygyna düşünmeli. Türgeniň bu howpa sowuk-sala garamagyna näme sebäp bolup biler? Belki-de, ol berlen maslahata üns beren däldir, belki-de, öz güýjüne bil baglap, hiç haçan ýykylmaryn öýdendir. Ýa-da ol başga zadyň aladasyny edendir. Pawlusyň beren maslahatyndan biz näme öwrenip bileris?
11. Imanymyzyň gowşamagyna näme sebäp bolup biler?
11 Mesihçiniň imanynyň gowşamagyna köplenç özi sebäp bolýar. Bir alymyň aýtmagyna görä, bu «aňsatlyk bilen bürän günäler» arkaly bolýar. Ol biziň gatnaşýan adamlarymyzyň we erbet höwesleriň güýçli täsir edýändigini aýdýar. Bu zatlar biziň imanymyzy gowşadyp, hatda hakykat ýolundan sowmagy-da mümkin (Mat. 13:3—9).
12. Biz haýsy maslahatlara gulak assak imandan dänmeris?
12 Akylly hem sadyk hyzmatkär biziň görýän we diňleýän zatlarymyza ünsli bolmagymyz barada hemişe diýen ýaly maslahat berýär. Çünki olar biziň pikirimize we islegimize täsir edýär. Şeýle-de sadyk hyzmatkär maddy zatlara kowalaşmagyň howpludygyny duýdurýar. Eger biz bu dünýäniň göwün açmalaryna höwes etsek ýa-da her bir täze enjamlary edinmek islesek, olar bizi ýüpsüz baglap, iň wajyp zatlara sarp etmeli wagtymyzy ogurlar. Biz berlen maslahatlary agyr görsek, olara eýerip bilmeris. Şeýle-de bu maslahatlar maňa degişli däl, çünki meniň imanym berk diýmek nädogry. Şeýtan bizi büdretmek üçin duzak gurýar we olary görmek bize kyn bolýar. Maslahatlara sowuk-sala garan, özüne ynamly ýa-da bu dünýäniň zatlary barada alada edýän adamlar imandan dändiler. Eger biz hem şeýle ýagdaýa düşsek, onda ebedi ýaşaýyş sylagyndan mahrum bolarys (1 Ýahýa 2:15—17).
13. Dünýäniň pikirini inkär etmek üçin näme etmeli?
13 Şeýtanyň gol astyndaky adamlar biziň pikirimize täsir etjek bolýarlar. Olaryň wajyp hasaplaýan zatlaryny biziň ileri tutmagymyzy we edýän işlerini goldamagymyzy isleýär (Efesliler 2:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýöne bize saýlamak erkinligi berlen. Bu dünýäniň pikiriniň bize täsir etmegi ýa-da etmezligi özümize bagly. Pawlus bu dünýäniň pikiriniň howa ýaly bizi gurşap alandygy barada aýtdy. Emma ol howa zäherlenendir. Biz zäherlenen howadan dem almaz ýaly, hemişe oýa bolmaly. Bize ylgamagymyzy dowam etmäge näme kömek eder? Elbetde, Isanyň galdyran göreldesi kömek eder. Ol pellehana ýetenleriň içinde iň gowy görelde galdyrdy (Ýew. 12:2). Pawlus resul-da imandaşlaryny özünden görelde almaga çagyrdy, çünki ol ýoldan sowulmandy (1 Kor. 11:1; Flp. 3:14).
Siz nädip baýragy alyp bilersiňiz?
14. Näme üçin Pawlus pellehana ýetmegi wajyp saýdy?
14 Näme üçin Pawlus pellehana ýetmegi wajyp saýdy? Ol Efesosdaky ýaşulular bilen hoşlaşanda: «Men bulary hiç zat hasap etmeýärin, janymy özüm üçin gymmat bilmeýärin... Reb Isadan alan hyzmatymy bitirsem bolýar» diýdi (Res. iş. 20:24). Pawlus pellehana ýetmek üçin hiç zady gaýgyrmady, hatda janyny bermäge-de taýyndy. Ol hoş habary erjellik bilen wagyz etdi. Emma ol pellehana ýetmese, ähli çeken zähmeti biderek bolardy. Ol ýeňiş gazanmak üçin tagalla etmelidigini bilýärdi, ýöne sylaga eýe bolandyryn öýtmeýärdi (Filipililer 3:12, 13-nji aýatlary okaň). Emma ol ölmeziniň öň ýanynda: «Men oňat söweş alyp bardym, ýaryşy bitirdim, imany goradym» diýdi (2 Tim. 4:7).
15. Pawlus imandaşlaryny nämä höweslendirdi?
15 Pawlus imandaşlarynyň hem pellehana ýetmegini isleýärdi. Ol Filipidäki mesihçileriň tagalla edip, öz gutulyşlaryny gazanmaga höweslendirdi. Pawlus olara: «Ýaşaýyş sözüni gaýym tutuň» diýip ýatlatdy we bu sözleriň onuň özüne-de degişlidigini aýtdy: «Men biderek ýere ýortmanlygym, biderek ýere zähmet çekmänligim üçin Mesihiň gününde magtanaryn» (Flp. 2:16). Ol Korintosdaky mesihçilere-de: «Baýrak alar ýaly ylgaň» diýip maslahat berdi (1 Kor. 9:24).
16. Näme üçin baýrak ýöne bir arzuw bolmaly däl?
16 Uzak aralyga ylgaýan türgen pellehanany görmeýär. Emma ol hemişe şol barada oýlanyp, pellehana golaýlaşýandygyny bilýär. Şonda onuň pellehana ýetmek islegi has-da artýar. Mesihçileriň hem ylgaw ýoly şuňa meňzeşdir. Biz baýragyň ýöne bir arzuw däldigine düşünmeli. Bu bize pellehana ýetip, baýrak almaga kömek eder.
17. Iman baýragy unutmazlyga nädip kömek edýär?
17 Pawlus: «Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr» diýdi (Ýew. 11:1). Ybraýym bilen Sara amatly ýaşaýşyny goýup, «ýer ýüzünde ýat hem mysapyr» ýaşadylar. Olar muny nädip başardylar? Hudaýyň wadalary olar üçin hakykatdy, «olary uzakdan görýärdiler». Musa «az salym günäniň sapasyny» we «Müsüriň hazynalaryny» inkär etdi. Musa imanyny nädip berkitdi? «Ol öz aljak sylagyna garaýardy» (Ýew. 11:8—13, 24—26). Pawlus bu adamlaryň her biriniň «iman arkaly» hereket edendigini aýdýar. Olar kyn ýagdaýlarda-da baýragy unutmadylar. Şeýle-de olar Hudaýyň goldajakdygyny we wadalaryny ýetine ýetirjekdigini bilýärdiler.
18. Biz pellehana ýetmek üçin näme etmeli?
18 Biz Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda aýdylýan Hudaýyň wepaly gullukçylary barada çuňňur oýlanyp, olaryň göreldesine eýerip bileris. Bu bize imanymyzy berkitmäge we «aňsatlyk bilen bürän günäleri taşlamaga» ýardam eder (Ýew. 12:1). Şeýle-de imanyny berkidýän dogan-uýalar bilen ýygnanyşyp, «birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolarys» (Ýew. 10:24).
19. Näme üçin ylgaw ýoluny dowam etmek wajyp?
19 Hawa, biz ylgaw ýoluny tamamlap barýarys we pellehanany görýäris. Ýehowanyň bize kömek edýändigi we imanymyzyň berkligi üçin «her hili ýüki, bizi aňsatlyk bilen bürän günäleri taşlap» bileris. Biz ylgamagy dowam edip, Ýehowa Atamyzyň wada eden baýragyny alyp bileris.
a Gadymy ýehudylar muny ýigrenç hasaplapdyrlar. Apokrifik (kanuna salynmadyk) kitabynyň 2 Makkaweýine görä, imandan dänen baş ruhany Iason grekleriňki ýaly gimnastika zalyny gurdurmak islände, köp ýehudylaryň oňa gahary gelipdir (2 Mak. 4:7—17).
Ýadyňyzdamy?
• Biz nädip «her hili ýüki» taşlap bileris?
• Imanymyzyň gowşamagyna näme sebäp bolup biler?
• Näme üçin baýrak ýöne bir arzuw bolmaly däl?
[23-nji sahypadaky surat]
«Bizi aňsatlyk bilen bürän günä» näme we ol bizi nädip büdredip biler?