Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/10 sah. 7—11
  • Siz öňürti «onuň dogrulygyny» agtaryň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz öňürti «onuň dogrulygyny» agtaryň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Öz dogrulygyňa bil baglamak howply
  • Özüňi çendenaşa dogry saýmak howply
  • Biz elmydama ähli zady bilmeýäris
  • Garaýşymyz nädogry we çäkli bolup biler
  • Ýehowanyň dogrulygyny agtaryň
  • Ýehowanyň halky dogruçyllygy halaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Dogrulygy ýürekden söýüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Dogrulygy agtarsak, bizi gorar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hudaýyň Patyşalygyny goldalyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/10 sah. 7—11

Siz öňürti «onuň dogrulygyny» agtaryň

«Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» (MAT. 6:33).

1, 2. Ýehowanyň dogrulygy näme we ol nämä esaslanýar?

«ÖŇÜRTI Hudaýyň Patyşalygyny... agtaryň» (Mat. 6:33). Isanyň Dagdaky wagzynda beren bu tabşyrygyny şu günlerem Ýehowanyň Güwäçileri gowy bilýär. Biz durmuşyň ähli pudagynda Hudaýyň Patyşalygyny söýýändigimizi we oňa wepaly bolmak isleýändigimizi görkezmek üçin tagalla edýäris. Emma biz bu aýadyň ikinji bölümini «onuň dogrulygyny agtaryň» diýen jümläni hem unutmaly däl. Hudaýyň dogrulygy we öňürti ony agtarmak näme aňladýar?

2 Injiliň asyl nusgasynda «dogrulyk» diýlen sözi «adalatlyk» ýa-da «dogruçyllyk» diýip terjime etse bolýar. Şol sebäpli Hudaýyň dogrulygy onuň şahsy kadalaryna we gymmat saýýan zatlaryna gabat gelýär. Ýehowa Ýaradyjy hökmünde ýagşynyň we ýamanyň, dogrynyň hem erbediň nämedigini kesgitlemäge hakly (Ylh. 4:11). Hudaý dogry bolany üçin rehimsiz, berk kanunlary we ençeme düzgünleri bermeýär. Gaýtam, Ýehowa esasy häsiýeti bolan adalatyny söýgi, akyldarlyk we güýç ýaly beýleki esasy häsiýetleri bilen bilelikde görkezýär. Hudaýyň dogrulygy niýeti we islegi bilen baglanyşykly. Ýehowa özüne sežde edýän adamlaryň hem dogry bolmagyny isleýär.

3. a) Öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtarmak näme aňladýar? b) Näme üçin biz Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşaýarys?

3 Öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtarmak näme aňladýar? Bu Hudaýy razy etmek üçin onuň islegini ýerine ýetirmegi aňladýar. Şeýle-de Hudaýyň dogrulygyny agtarmak bu özümiziň däl-de, onuň gymmatlyklary we kämil kadalary boýunça ýaşamakdyr (Rimliler 12:2-ni okaň). Şeýle ýaşamak üçin Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmaly. Bu jezadan gorkup, Hudaýyň kanunlaryna gulak asmagy aňlatmaýar. Gaýtam, biz Hudaýy söýýändigimiz üçin öz kadalarymyza görä däl-de, onuň kadalary boýunça ýaşap, ony razy etmäge jan edýäris. Biz munuň dogrudygyny bilýäris we hut şeýle etmek üçin ýaradyldyk. Biz Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa Mesih ýaly dogrulygy söýmeli (Ýew. 1:8, 9).

4. Hudaýyň dogrulygyny agtarmak näme üçin wajyp?

4 Öňürti Ýehowanyň dogrulygyny agtarmak wajypmy? Bir mysala seredeliň: Başda Erem bagynda Adam ata bilen How enäniň Ýehowanyň dogry kadalaryna gulak asmagy ýa-da asmazlygy synaldy (Gel. çyk. 2:17; 3:5). Olar Hudaýa gulak asmandygy üçin, nesilleri horluk çekýär we ölýär (Rim. 5:12). Emma Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Dogrulyk we merhemet yzynda gezýän adam ýaşaýyş, dogrulyk we hormat tapar» (Sül. tym. 21:21). Hawa, öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtarsak, Ýehowa bilen gowy gatnaşykda bolup, hakykatdanam gutularys (Rim. 3:23, 24).

Öz dogrulygyňa bil baglamak howply

5. Biz nähili howpdan ägä bolmaly?

5 Pawlus resul Rimdäki mesihçilere öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtarmak üçin nähili howpdan ägä bolmalydygyny ýazdy. Ol ýewreý imandaşlary barada şeýle diýdi: «Men olaryň Hudaýa yhlaslarynyň barlygyna güwä geçýärin, ýöne bu aňly-düşünjeli yhlas däl. Çünki olar Hudaýyň dogrulygyny bilmän, özleriniňkini gurjak bolup, Onuň dogrulygyna tabyn bolmadylar» (Rim. 10:2, 3). Pawlusyň aýtmagyna görä, olar öz dogrulygyny görkezjek bolup, Hudaýyň dogrulygyna düşünmeýärdilera.

6. Biz nähili garaýyşda bolmaly däl we näme üçin?

6 Biz özümizi başgalar bilen deňäp, Hudaýa gulluk etmäge bäsdeşlik ýaly garasak, duzaga düşeris. Biz şeýle garaýyşda bolsak, öz ukybymyza daýanyp başlanymyzy duýman galarys. Şeýtsek, Ýehowanyň dogrulygyny unutdygymyz bolar (Gal. 6:3, 4). Ýehowany söýsek, dogry işleri ederis. Dürli ýol bilen dogrulygymyzy subut etjek bolsak, Ýehowany söýmeýändigimizi görkezýäris (Luka 16:15-i okaň).

7. Isa özüňi dogry saýmagyň nädogrudygyny nädip görkezdi?

7 «Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän» adamlar barada Isa biynjalyklanýardy. Özüňi dogry saýmagyň nädogrydygyny görkezmek üçin, Isa şeýle mysaly gürrüň berdi: «Iki adam doga etjek bolup, ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, biri-de salgytçy eken. Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edýär: «Eý Hudaý! Men başga adamlar kimin talaňçy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime şükür edýärin. Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin». Salgytçy bolsa daşda durýar. Ol gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, ýöne gursagyna urup: «Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!» diýýär. Size aýdýaryn, fariseý däl, şu adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler» (Luka 18:9—14).

Özüňi çendenaşa dogry saýmak howply

8, 9. «Özüňi çendenaşa dogry saýmak» näme we muňa nämeler eltip biler?

8 Ägä bolmaly ýene-de bir howp barada Wagyzçy 7:16-da şeýle diýilýär: «Özüňi çendenaşa dogry saýma we akyllysyrama. Özüňi heläklemek nämä gerek?» Şol babyň 20-nji aýadynda bolsa, näme üçin şeýle garaýyşda bolmaly däldigi düşündirilýär. Onda: «Ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, günä etmeýän dogry adam ýokdur» diýilýär. Özüni çendenaşa dogry saýýan adam başgalary öz kadalaryna görä ýazgarýar. Ol şeýle etmek bilen düşünmän öz kadalaryny Hudaýyňkydan ýokary tutýar we Hudaýyň öňünde nädogry saýylýar.

9 Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde «özüňi çendenaşa dogry saýmak» diýen jümle «çendenaşa dogruçyl bolmak» diýlip, hatda Ýehowanyň edýän işlerine biziň şübhelenip bilýändigimizi görkezýär. Biz Ýehowanyň kararlarynyň dogry hem adalatlydygyna şübhelensek, öz kadalarymyzy Ýehowanyňkydan ýokary saýyp başlaýandygymyzy unutmaly däl. Bu ýagşy we ýaman kadalarymyz boýunça Ýehowany höküm etmek ýalydyr. Emma biziň däl-de, diňe Ýehowanyň dogry kadalary çykarmaga haky bar! (Rim. 14:10).

10. Eýýubyň mysalyna görä, biz näme sebäpden Hudaýy ýazgaryp bileris?

10 Biziň hiç birimiz bilgeşleýin Hudaýy höküm etmek islemesek-de, bikämillik sebäpli höküm etmegimiz mümkin. Biz bir zady adalatsyz hasaplasak ýa-da kynçylyk çeksek, Hudaýy ýazgaryp bileris. Hatda Hudaýa wepaly bolan Eýýup pygamber hem şeýle ýalňyşlyk goýberipdi. Eýýup başda «dogruçyl, aýypsyz, Hudaýdan gorkýan we ýamanlyk etmeýän» adamdy (Eýýup 1:1). Emma soňra ol agyr synaglary başdan geçirmegi adalatsyz hasaplady. Şonda ol «Hudaýy däl-de, özüni dogry saýyp başlady» (Eýýup 32:1, 2). Eýýup garaýşyny üýtgetdi. Käwagt bizem özümizi dogry saýýan bolsak, geň galmaly däl. Şeýle ýagdaýa düşende, garaýşymyzy üýtggetmäge näme kömek eder?

Biz elmydama ähli zady bilmeýäris

11, 12. a) Bize bir zat adalatsyz görünse, nämäni unutmaly däl? b) Näme üçin käbir adamlara Isanyň mysalyndaky üzümlikde işlän işçilere nädogry hak berlen ýaly görünmegi mümkin?

11 Birinjiden, biz ähli zady bilmeýändigimizi unutmaly däl. Eýýup hem ähli zady bilmeýärdi. Ol Hudaýyň ogullary, ýagny perişdeleriň gökde ýygnanşandygyny we Şeýtanyň oňa töhmet atandygyny bilmeýärdi (Eýýup 1:7—12; 2:1—6). Eýýup synaglarynyň Şeýtandandygyndan habarsyzdy. Ähtimal, Eýýup Şeýtanyň kimdigini anyk bilen däldir! Ol synaglar Hudaýdandyr öýdüp, nädogry pikir edýärdi. Bizem ähli zady bilmän aňsatlyk bilen nädogry netijä gelip bileris.

12 Geliň, üzümlikde işlän işçiler barada Isanyň bir mysalyna seredeliň (Matta 20:8—16-njy aýatlary okaň). Bu mysalda Isa üzümligiň eýesi uzak gün we bir sagat işlän ähli işçilere haklaryny deň töländägini aýdýar. Sen muňa nähili garaýarsyň? Bu dogrumy? Belki, başda seniňem günuzyn yssyda işlän işçilere ýüregiň awandyr. Sen olara köpräk hak berilmelidi öýdýänsiň. Üzüm eýesi rehimsiz we adalatsyz bolup görünmegi mümkin. Işçileriň närazylygyna üzüm eýesiniň beren jogabyndan, ol ygtyýaryny gödeklik bilen hyýanat edýär diýen netijä gelse bolýar. Ýöne biz ähli zady göz öňünde tutdukmy?

13. Üzümlikde işlän işçiler baradaky Isanyň mysalyna biz ýene haýsy tarapdan seredip bileris?

13 Indi bu mysala başga tarapdan seredeliň. Bu mysaldaky üzümligiň eýesi ähli işçileriň maşgalasyny eklemelidigine düşünýärdi. Isanyň günlerinde meýdanda işleýän işçiler gündelik hakyny alýardy. Şonuň üçin olar her gün iş hakyny almaga umyt edýärdi. Muny göz öňünde tutup, üzüm eýesiniň agşam işe tutan we diňe bir sagat işlän işçileriň ýagdaýy barada oýlanyp görüň. Olar bir sagatlyk iş hakyny alan bolsa, maşgalasyny ekläp bilmezdi. Emma olar işlemäge taýyndy we günuzyn işe tutulmagyna garaşdy (Mat. 20:1—7). Olar günuzyn işlemäge tutulmandyklary üçin günäkär däldi. Şeýle-de bu olaryň bilgeşleýin işden gaçmandygyny görkezýär. Sen maşgalaňyň bir günlük iş hakyňa baknadygyny bilip, günuzyn işe garaşyp duranyňy göz öňüne getir. Sen nähili bolsa-da, işe tutulandygyňa minnetdar bolardyň we maşgalaňy eklemek üçin ýeterlikli iş hakyňy alandygyňa nähili begenerdiň!

14. Biz üzümlik mysalyndan nähili wajyp sapak edinip bileris?

14 Geliň, indi üzümligiň eýesiniň eden hereketine täzeden seredeliň. Ol hiç kime iş hakyny az tölemedi. Gaýtam, ol işçileriň aladasyny edip, olar özüni we maşgalasyny ekläp biler ýaly, doly iş hakyny berdi. Ýer eýesi işçileriň köplüginden peýdalanyp, iş hakyny kem töläp bilerdi. Emma ol beýle etmedi. Işçileriň hemmesi maşgalasyny eklär ýaly ýeterlikli iş haky bilen öýüne dolandylar. Bu jikme-jikliklere seredip, üzümlik eýesine bolan garaýşymyzy üýtgedip bileris. Ol ygtyýaryny gödeklik bilen hyýanat etmän, eýsem, adamlary söýýändigi üçin şeýle karara geldi. Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Biz diňe käbir aýratynlyklara seredip, nädogry garaýşymyzy üýtgedip bileris. Bu mysal Hudaýyň dogrulygynyň ynsanyň kada-kanunlaryndan we hyzmatyna görä sylaglanmagyndan has ýokarydygyny görkezýär.

Garaýşymyz nädogry we çäkli bolup biler

15. Adalata bolan garaýşymyz näme üçin nädogry we çäkli bolup biler?

15 Ikinjiden, haýsydyr bir ýagdaýa düşende, adalatsyz görünse, garaýşymyzyň nädogry we çäkli bolup bilýändigini unutmaly däl. Bikämillik, ters pikirler ýa-da medeniýetimiz sebäpli nädogry garaýyşda bolup bileris. Şeýle-de biz adamlaryň niýetini we ýüregini bilmeýäris. Ýehowa bilen Isa bolsa bilýär (Sül. tym. 24:12; Mat. 9:4; Luka 5:22).

16, 17. Dawut bilen Batşeba günä edende, Ýehowa näme üçin ahlak kanunyny berjaý etmedi?

16 Geliň, Dawut bilen Batşebanyň ahlaksyzlyk edende, bolan waka seredeliň (2 Sam. 11:2—5). Musanyň kanunyna görä, olaryň ikisine-de ölüm jezasy berilmelidi (Lew. 20:10; Kan. tag. 22:22). Ýehowa olara jeza berse-de, öz kanunyny berjaý etmegi mejbur etmedi. Ýehowa nädogry hereket etdimikä? Hudaý Dawudy gowy görýändigi üçin dogry kadalaryny bozdumy? Mukaddes Ýazgylary okaýan käbir adamlar şeýle pikir edýär.

17 Ýöne Ýehowa ahlaksyzlyk baradaky kanunyny adamlaryň ýüregini bilmeýän bikämil kazylara beripdi. Olar garaýşynyň çäklidigine garamazdan, şol kanuna görä jeza berip bilýärdi. Emma Ýehowa bolsa adamlaryň ýüregini bilýär (Gel. çyk. 18:25; 1 Tar. 29:17). Şeýle-de biz Ýehowanyň bikämil kazylara beren kanunyny özi berjaý etmeli diýip pikir etmeli däl. Eger Ýehowa şeýtse, kütek görýän adamlar üçin ýasalan äýnegi gözi gowy görýän adama geýmegi mejbur eden ýaly bolardy. Ýehowa Dawut bilen Batşebanyň ýüregini bilip, olaryň ýürekden toba edýänini gördi. Ol muny göz öňünde tutup, olara rehim edip, söýgi bilen jeza berdi.

Ýehowanyň dogrulygyny agtaryň

18, 19. Dogry hasaplaýan kadalarymyza görä, Ýehowany hiç haçan ýazgarmaz ýaly näme kömek eder?

18 Käte Mukaddes Ýazgylardan okaýan wakalarda ýa-da durmuşda bolýan ýagdaýlarda Ýehowa adalatsyz hereket edýän ýaly görünse-de, geliň, hiç haçan Hudaýy öz dogry kadalarymyz boýunça ýazgarmalyň. Biz hemişe ähli zady bilmeýändigimizi we garaýşymyzyň nädogry ýa çäkli bolýandygyny unutmalyň. Adamyň gahary Hudaýyň dogrulygyna eltmeýändigini ýatdan çykarmalyň (Ýakup 1:19, 20). Şol sebäpli hiç haçan «ýüregimiz Rebbe gazaplanmasyn» (Sül. tym. 19:3).

19 Geliň, hemişe Isa ýaly, dogrulygyň we ýagşylygyň kadalaryny bermäge diňe Ýehowanyň haklydygyny boýun alalyň (Mar. 10:17, 18). Hudaýyň kadalary barada «hakykat bilimine ýeteliň» (Rim. 10:2; 2 Tim. 3:7). Biz Ýehowanyň kadalaryny bilip, islegini berjaý etsek, «Onuň dogrulygyny agtararys» (Mat. 6:33).

a Bir alymyň aýtmagyna görä, Injiliň asyl nusgasynda «gurjak» diýip terjime edilen söz «heýkel dikmegi» hem aňladýar. Şeýdip, ýewreýler Hudaýy däl-de, özüni şöhratlandyryp, göçme manyda heýkel dikýärdi.

Ýadyňyzdamy

• Ýehowanyň dogrulygyny agtarmak näme üçin wajyp?

• Biz nähili iki howpdan ägä bolmaly?

• Biz nädip öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtaryp bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş