Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp20 No. 2 sah. 14—15
  • Hudaýyň Patyşalygyny goldalyň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Patyşalygyny goldalyň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SIZ HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNY BIRINJI ORUNDA GOÝÝARSYŇYZMY?
  • Hudaýyň Patyşalygy barada eşitdiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
  • Öňürti Patyşalygy agtaryň
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • «Patyşalygyň gelsin!» — Millionlarça adamlaryň edýän doga-dilegi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
  • Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
wp20 No. 2 sah. 14—15
Bir adam Mukaddes Kitaby okamazdan öň doga-dileg edýär.

Hudaýyň Patyşalygyny goldalyň!

Aýdaly, siziň ýaşaýan ýeriňizde güýçli harasat turýar. Döwlet işgärleri: «GAÇYŇ! JANYŇYZY HALAS EDIŇ!» diýip duýdurýarlar. Şonda näme edersiňiz? Elbetde, siz howpsuz ýere gaçarsyňyz.

Edil şonuň ýaly, bütin dünýäniň üstüne «güýçli harasat» abanýar. Isa pygamber oňa «uly betbagtçylyk» diýýär (Matta 24:21). Biz nirede ýaşasak-da, uly betbagtçylykdan gaçyp gutulyp bilmeris. Emma käbir zatlary etsek halas bolarys. Biz näme etmeli?

Isa pygamber adamlara wagyz edende: «Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýuň» diýdi (Matta 6:33). Isanyň sözleri nämäni aňladýar?

Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýuň. Biz Hudaýyň Patyşalygyny ähli zatdan wajyp hasaplamaly (Matta 6:25, 32, 33). Näme üçin? Sebäbi ynsan hökümetleri adamlaryň kynçylyklaryny çözüp bilmeýär. Kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygy çözer.

Hudaýyň adalatly kanunlaryny birinji orunda goýuň. Biz Hudaýyň adalatly kanunlary boýunça ýaşamak üçin jan etmeli. Näme üçin? Eger adam nämäniň dogry, nämäniň nädogrudygyny özi çözse, görjegi görgi bolar (Nakyllar 16:25). Ýöne Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak, bagtly bolarys, esasy zat bolsa, Allatagalany razy ederis (Işaýa 48:17, 18).

Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýuň. Isa pygamberiň aýtmagyna görä, käbirleri bagtyň açary baýlykdadyr öýdüp, hakykat ýolundan sowulýarlar. Käbirleri bolsa çendenaşa gaýgy-alada edip, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaýarlar (Matta 6:19—21, 25—32).

Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan adamlaryň gerekli zatlarynyň boljakdygyny we gelejekde bol bereketleri aljakdygyny wada berdi (Matta 6:33).

I asyrda ýaşan Isa pygamberiň şägirtleri Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny birinji orunda goýsalar-da, gaýgy-hasrat çekip, kynçylyklara döz gelmeli boldular. Emma Allatagala olary öz penasynda saklaýardy. Nädip?

Isanyň şägirtleri Allatagalanyň adalatly kanunlary boýunça ýaşaýardylar. Şonuň üçin olar Hudaýa gulak asmaýan adamlaryň çekýän kynçylyklaryna duşmaýardylar. Olar Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürjekdigine iman edip, agyr synaglara döz gelýärdiler. Şeýle-de olar ähli ýagdaýlarda «öz güýjüne... däl-de, Hudaýyň güýjüne» bil baglaýardylar (2 Korinfliler 4:7—9).

SIZ HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNY BIRINJI ORUNDA GOÝÝARSYŇYZMY?

I asyrdaky mesihçiler Isa pygamberiň maslahatyna eýerip, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýardylar. Olar Patyşalyk baradaky hoş habary ähli ýerde wagyz edýärdiler (Koloslylar 1:23). Şu günler hoş habary kimler wagyz edýär?

Ýehowanyň Şaýatlary! Olar Hudaýyň Patyşalygynyň şu dünýäni tizden ýok etjekdigine ynanýarlar. Olar Isa pygamberiň tabşyrygyny ýürekden ýerine ýetirýärler. Isa: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» diýdi (Matta 24:14).

Siz Ýehowanyň Şaýatlarynyň hoş habaryny eşidip gördüňizmi? I asyrda Weriýada ýaşaýan adamlar gowy görelde galdyrdylar. Pawlus resul Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edende, olar höwes bilen diňlediler we eşiden zatlarynyň dogrudygyny anyklamak üçin «mukaddes kitaplardan her gün gözleg geçirdiler». Şeýle-de olar öwrenen zatlary boýunça ýaşadylar (Resullar 17:11, 12).

Millionlarça adamlar Hudaýyň Patyşalygyny goldamak üçin aýgytly ädim ädýärler

  1. Ýehowanyň Şaýatlary gapynyň agzynda bir adama wagyz edýär.

    Patyşalyk baradaky hoş habary kabul edýärler

  2. Ol adam Ýehowanyň Şaýady bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýär.

    Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler

  3. Ol adam ýygnak duşuşygyna barýar.

    Patyşalygy goldaýanlar bilen dostlaşýarlar

  4. Ol Mukaddes Kitaby okamazdan öň doga-dileg edýär.

    Alla gulluk etmek isleýändigini aýdýarlar

Siz hem olaryň göreldesine eýerip bilersiňiz. Eger siz Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny birinji orunda goýsaňyz, Alla sizi öz penasynda aman saklar. Siz Jennetde asuda, parahat we ebedi ýaşarsyňyz.

Ýehowanyň Şaýatlary barada köpräk bilmek üçin jw.org saýtyna girip bilersiňiz.

JW.ORG saýty 1 000-den gowrak dilde terjime edildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş