Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 11 sah. 101—109
  • Öňürti Patyşalygy agtaryň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Öňürti Patyşalygy agtaryň
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Goý, hiç zat Patyşalyk baradaky hakykaty bogmasyn!
  • Irki şägirtleriň göreldesi
  • Patyşalygy birinji orunda goýuň
  • Sen Hudaýa doly bil baglaýaňmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hudaýyň Patyşalygyny goldalyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
  • Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Wagyz etmeli habarymyz
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 11 sah. 101—109

On birinji bap

Öňürti Patyşalygy agtaryň

1. a) Isa näme üçin diňleýjilerini öňürti Patyşalygy agtarmaga çagyrdy? b) Özümize nähili sorag bermeli?

MUNDAN 1900 ýyl ozal, Isa Jelilede şägirtlerine ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň». Dogrudan-da, bu gaýragoýulmasyz işdimi? Eýsem, Isa Patyşalyk häkimiýetini alýança ençeme asyr geçmeli dälmidi? Hawa, ençeme asyr geçmelidi, ýöne Ýehowa Mesihi Patyşalyk arkaly höküm sürmäge hakynyň bardygyny subut edip, ýer baradaky ajaýyp niýetini ýerine ýetirjekdi. Munuň wajypdygyna düşünen adam Patyşalygy durmuşynda birinji orunda goýýar. Bu birinji asyrda şeýle wajyp bolan bolsa, onda häzir Isa tagta çykan mahaly has-da wajyp! Şoňa görä, her kes özüne şeýle sorag berip biler: meniň durmuşym öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtarýandygymy görkezýärmi? (Matta 6:33).

2. Umuman, adamlar nämä kowalaşýarlar?

2 Şu günler bütin dünýäde millionlarça adamlar öňürti Patyşalygy agtarýarlar. Olar özüni Ýehowa bagyş edip, durmuşynda onuň islegini ýerine ýetirmek bilen Patyşalygy goldaýarlar. Beýleki adamlar bolsa, dünýewi işler bilen başagaý. Olar pula, mal-mülke hem-de keýpi-sapa kowalaşýarlar. Ýa-da olar bar güýjüni kesp-kärine sarp edýärler. Olaryň ýaşaýşy diňe özüni bilip, maddy zatlara we keýpi-sapalara aklyny aldyrandygyny görkezýär. Olar Hudaýa ynanaýanda-da, ony ikinji orunda goýýarlar (Matta 6:31, 32).

3. a) Isa şägirtlerini nähili hazyna ýygnamaga höweslendirdi we näme üçin? b) Maddy zatlar barada näme üçin aşa köp gaýgy etmeli däl?

3 Isa şägirtlerine şeýle maslahat berdi: «Ýer ýüzünde özüňize hazyna ýygnamaň», çünki ol hemişelik däl. Ýehowa gulluk edip, «özüňize gökde hazyna ýygnaň». Isa şägirtlerine gözüňiz sag bolsun, ýagny Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, güýjüňizi şoňa sarp ediň diýdi. Şeýle hem Isa «hem Hudaýa, hem-de mammona [baýlyga] hyzmat edip bilmersiňiz» diýdi. Eýsem, ten zerurlyklaryň, ýagny iýim-içimiň, egin-eşigiň we jaýyň aladasyny etmeli dälmi näme? «Gaýgy etmäň» diýip, Isa ündeýär. Hudaý guşlary-da iýmitlendirýändigine şägirtleriniň ünsüni çekdi. Isa Hudaýyň gülleri geýindirýändiginden sapak almagy maslahat berdi. Ýehowanyň gullukçylary islendik guşdan ýa gülden has gymmatly dälmi näme? Soňra Isa sözüni jemläp: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu [zerur] zatlar hem size onuň üstüne goşlup berler» diýdi (Matta 6:19—34). Seniň işleriň şuňa ynanýandygyňy görkezýärmi?

Goý, hiç zat Patyşalyk baradaky hakykaty bogmasyn!

4. Eger-de bir kişi maddy baýlyga aşa köp üns berýän bolsa, näme bolmagy mümkin?

4 Ten zerurlyklar hem-de maşgalaň barada alada etmek gerek. Emma bir kişi maddy zatlar barada aşa köp gaýgy etse, gowulyga eltmez. Şeýle adam Patyşalyga ynanýan diýip hem biler, ýöne ýüreginde başga bir zat birinji orny eýeleýän bolsa, onda ol Patyşalyk baradaky hakykaty bogar (Matta 13:18—22). Ynha, bir mysal. Bir ýaş baý başlyk Isanyň ýanyna gelip, ondan soraýar: «Men ebedi ýaşaýşy miras alar ýaly näme etmeli?» Ol ahlak taýdan arassa adamdy, başgalar bilen-de arasy gowudy, ýöne mal-mülküni has gowy görýärdi. Hatda Isanyň şägirdi bolmak üçin-de baýlygyndan geçip bilmedi. Şeýdip, ol Mesih bilen geljekde gökdäki Patyşalykda bolmak mümkinçiligini elden gidirdi. Ine, şol sebäpli Isa şeýle diýdi: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!» (Markus 10:17—23).

5. a) Pawlus Timoteosa nämä kaýyl bolmagy ündedi we näme üçin? b) Şeýtan «pul söýgüsini» heläkçilige eltýän duzak hökmünde nädip ulanýar?

5 Köp ýyllar geçensoň, Pawlus resul Efesde, söwdanyň merkezi bolan şol wagtky baý şäherde ýaşaýan Timoteosa hat ýazdy. Pawlus oňa ýatladyp, şeýle diýdi: «Biz dünýä hiç zat getirmedik, hiç bir zat äkidip bilmejegimiz bellidir. Iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa, bulara kaýyldyrys». Elbetde, özüňi hem-de maşgalaňy eklemek, ýagny iýmek, geýmek üçin zähmet çekmek gerek. Ýöne Pawlus, ine, şu zatlar barada duýdurdy: «Baýajak bolýanlar bolsa synaglaryň duzagyna düşüp, adamlary çöküşe, heläkçilige sokýan ençeme düşnüksiz hem zyýanly höweslere ýolukýandyr». Şeýtan mekir. Ol ilki adamy kiçi zatda synaýar. Soňra onuň täsiri güýçlenmegi mümkin: birdenkä, ol adam işde ýokary çekilip ýa indi aýlykly iş tapmagy mümkin, ýöne şeýle iş öňler ruhy işlere berlen wagty alýar. Seresap bolmasak, «pul söýgüsi» iň wajyp zady, ýagny Patyşalyk bilen baglanyşykly işleri bogmagy mümkin. Pawlus muny şeýle sözler bilen aýtdy: «Käbir adamlar munuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar» (1 Timoteos 6:7—10).

6. a) Harsydünýälik duzagyna düşmezlik üçin näme etmeli? b) Dünýäniň ykdysady ýagdaýyna garamazdan nämä ynanyp bileris?

6 Pawlus mesihçi dogany Timoteosy ak ýürekden söýüp, şeýle ündew berdi: «Bu zatlardan gaç... Imanyň oňat göreşini alyp bar» (1 Timoteos 6:11, 12). Bu dünýäniň harsydünýäligi özüne çekmez ýaly, eliňden geleni etmeli. Eger-de imana laýyk ýaşasak, onda Ýehowa bizi hiç haçan terk etmez. Ol gymmatçylyga we işsizlige garamazdan, bize zerur ähli zatlary berer. Pawlus şuny-da ýazdy: «Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzakda bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn diýendir». Şeýlelikde, biz batyrlyk bilen şeýle diýip bileris: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?» (Ýewreýler 13:5, 6). Dawut patyşa bolsa şuny ýazdy: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym we dogry adamyň terk edilenligini ýa onuň zürýadynyň çörek dilänini görmedim» (Zebur 37:25).

Irki şägirtleriň göreldesi

7. Isa şägirtlerine wagyz hakda nähili görkezmeler berdi we ol näme üçin ýerliklidi?

7 Isa resullaryna kemsiz öwredip, hoş habary wagyz etmäge Ysraýyla iberende, şeýle tabşyryk berdi: «Gökleriň Patyşalygynyň golaýdygyny wagyz ediň». Bu habar nähili tolgundyrýar! Mesihi Patyşa Isa olaryň arasyndady. Isa resullary hakda Hudaýyň alada etjekdigini aýtdy, sebäbi olar Hudaýa bütinleý gulluk edýärdiler. Ol şeýle diýdi: «Ýol üçin hiç zat almaň: ne taýak, ne torba, ne çörek, ne pul, ne-de iki köýnek. Haýsy öýe barsaňyz şol ýerde galyp, şol ýerden hem ýola çykyň» (Matta 10:5—10; Luka 9:1—6). Ysraýyllylaryň arasynda myhmansöýerlik adatdy, şol sebäpli Ýehowa olaryň zerurlyklary barada watandaşlarynyň üsti bilen alada ederdi.

8. a) Isa wagyz hakda näme üçin başga görkezmeler berdi? b) Isanyň şägirtleriniň durmuşynda öňküsi ýaly birinji orunda näme durmalydy?

8 Gelejekde bu işi başga ýagdaýlarda ýerine ýetirersiňiz diýip, Isa duýdurdy. Hökümetiň garşylyk görkezmegi netijesinde, Ysraýylda olara öňki ýaly myhmansöýerlik etmezler. Onsoňam, olar Patyşalyk baradaky hoş habary tiz wagtdan başga halklara ýetirmelidiler. Şol sebäpli indi olar «halta» hem-de «torba» almalydylar. Her niçik-de bolsa, olar Hudaý gerekli iýmiti we jaýy berer diýen umyt bilen, öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny agtarmalydylar (Luka 22:35—37).

9. Pawlus ten zerurlyklary barada özi alada etse-de, näme üçin Patyşalyk onuň durmuşynda esasy zatdy diýip bolar we ol näme ündeýärdi?

9 Isanyň maslahatyna eýermekde oňat göreldäni Pawlus resul galdyrdy. Pawlusyň durmuşynda esasy zat gullukdy (Resullaryň işleri 20:24, 25). Nirede bolsa-da, hatda çadyr ýasap maddy zerurlyklary barada alada edýärdi. Özi barada başga adamlar alada eder diýip tama etmeýärdi (Resullaryň işleri 18:1—4; 1 Selanikliler 2:9). Emma ony myhmançylyga çagyrsalar, barýardy we söýgi bilen berlen sowgatlary minnetdarlyk bilen kabul edýärdi (Resullaryň işleri 16:15, 34; Filipililer 4:15—17). Pawlus mesihçilere maşgalaňyz barada alada etmän, diňe wagyz ediň diýmedi, eýsem, dürli borçlaryňyzy paýhasly ýerine ýetiriň diýdi. Ol olara zähmet çekmegi, maşgalaňy söýmegi we bar zadyňy adamlar bilen paýlaşmagy ündedi (Efesliler 4:28; 2 Selanikliler 3:7—12). Şeýlelikde, mesihçileri maddy emläge däl-de, Hudaýa bil baglamaga hem-de «has wajyp zatlara» düşünip, şoňa laýyk ýaşamaga çagyrdy. Şeýtseler, Isanyň öwredişi ýaly, öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we onuň dogrulygyny agtardygy bolardy (Filipililer 1:9—11, TD).

Patyşalygy birinji orunda goýuň

10. Öňürti Patyşalygy agtarmak diýmek näme aňladýar?

10 Biz Patyşalyk barada hoş habary näçeräk wagyz edýäris? Bu köplenç biziň ýagdaýymyza hem-de minnetdarlygymyza bagly. Isanyň: «Etmäge işiňiz bolmadyk mahaly Patyşalygy agtaryň» diýmändigini ýada salalyň. Emma ol Patyşalygyň wajypdygyna düşünip: «Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň» diýip, Atasynyň islegini aýtdy (Luka 12:31). Biziň köpümiz özümizi hem-de maşgalamyzy eklemek üçin işlemeli bolsak-da, imanymyz berk bolsa, onda Patyşalyk bilen baglanyşykly işlere ünsümizi jemläris. Şeýle hem, maşgaladaky borjumyzy ýatdan çykarmarys (1 Timoteos 5:8).

11. a) Isa Patyşalyk barada hemmeleriň deň wagyz edip bilmejekdigini nädip görkezdi? b) Biziň näçeräk wagyz edip biljekdigimiz nämä bagly?

11 Käbirimiziň başgalara garaňda Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge wagtymyz köp. Ýöne Isa dürli topraklar baradaky tymsalynda ýüregi «gowy toprak» bilen deňeşdirilýän adamlaryň ählisiniň hasyl berjegini görkezdi. Näçe hasyl bererler? Adamlaryň ýagdaýlary deň däl. Ýaşyna, saglygyna hem-de maşgaladaky borjuna bagly. Emma hoş habara ýürekden minnetdar adam köp zat edip biler (Matta 13:23).

12. Esasan ýaşlara haýsy ýerlikli ruhy maksat hakda oýlanmak maslahat berilýär?

12 Patyşalyk gullugyna köpräk gatnaşmaga kömek edýän maksatlary öňümizde goýsak gowy bolardy. Timoteos atly yhlasly ýaş mesihçiniň ajaýyp göreldesi barada ýaşlar çynlakaý pikir etmeli (Filipililer 2:19—22). Orta mekdebi gutaryp, eýsem doly wagtly gulluga başlamakdan gowy zat barmy näme? Uly ýaşlylara-da ýerlikli ruhy maksatlar peýda berer.

13. a) Näçeräk gulluk edip biljekdigimizi kim çözýär? b) Öňürti Patyşalygy ak ýürekden agtarsak, nämäni subut ederis?

13 «Köpräk edip bilerdi» diýip, başgalary tankytlamagyň deregine, biz öz ýagdaýymyza görä Hudaýa gulluk edip biler ýaly, iman bilen özüňde gowy häsiýetleri ösdürmeli (Rimliler 14:10—12; Galatýalylar 6:4, 5). Eýýup bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Şeýtanyň aýtmagyna görä, bizi, esasan, maddy emläk we hususy abadançylyk gyzyklandyrýarmyş, hemişe öz nepimizi gözläp, Hudaýa-da öz bähbidimiz üçin gulluk edýärismişin. Ýöne öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtarsak, aslynda Iblisiň ýalançydygyny subut ederis. Şeýtsek, Hudaýa gullugyň durmuşymyzda birinji orundadygyny görkezeris. Şeýlelikde, hem sözde, hem işde Ýehowany çuňňur söýýändigimizi, onuň hökümdarlygynyň tarapdarydygymyzy hem-de ýakynymyzy söýýändigimizi görkezeris (Eýýup 1:9—11; 2:4, 5; Süleýmanyň tymsallary 27:11).

14. a) Wagyz etmek üçin gün tertibimiz bolsa, näme peýdasy bar? b) Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi wagza nähili gatnaşýarlar?

14 Gün tertibimiz bar bolsa, köp zat edip bileris. Ýehowa niýetini ýerine ýetirmek üçin «wagt belleýär» (Çykyş 9:5; Markus 1:15). Şonuň üçin başardygymyzdan wagt belläp, hepdede bir ýa birnäçe gezek wagza çyksak, gowy bolardy. Bütin dünýäde Ýehowanyň ýüz müňlerçe Güwäçileri her gün iki sagat hoş habary wagyz edip, kömekçi pioner bolup gulluk edýärler. Ýehowanyň başga Güwäçileriniň ýüz müňlerçesi bolsa umumy pioner boldular: olar Patyşalyk baradaky habary wagyz etmek üçin her gün takmynan iki ýarym sagat sarp edýärler. Ýörite pionerler we missionerler bolsa has köp gulluk edýärler. Üstesine-de, diňlemäge taýyn adama Patyşalyk baradaky hoş habary resmi däl ýagdaýda gürrüň bermäge her kimiň mümkinçiligi bar (Ýahýa 4:7—15). Biz ýagdaýymyza görä bu işe köpräk gatnaşjak bolmaly, çünki Isa şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Matta 24:14; Efesliler 5:15—17).

15. Sen 1 Korintoslylar 15:58-däki sözleri näme üçin biziň gullugymyza degişli hasaplaýarsyň?

15 Haýsy ýurtda ýaşasalar-da, Ýehowanyň Güwäçileri bütin dünýäde agzybir gulluk edýärler. Olar Mukaddes Ýazgylardaky şu sözleri bütin ýüregi bilen kabul edýärler: «Elmydam berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň, çünki zähmetiňiziň Rebde boş däldigini bilýänsiňiz» (1 Korintoslylar 15:58).

Gaýtalamak üçin soraglar

• Eger-de Isanyň aýdyşy ýaly, «öňürti Patyşalygy agtarsak», ikinji orna näme geçmeli?

• Ten zerurlyklary we maşgalaň barada alada etmäge nähili garamaly? Hudaý bize nädip kömek eder?

• Patyşalyk gullugyna nähili gatnaşyp bileris?

[107-nji sahypadaky surat]

Bu zalym dünýäniň soňy gelýänçä, Ýehowanyň Güwäçileri ähli ýurtlarda hoş habary wagyz edýärler

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş