Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 11:11, 12
    Mukaddes Kitap
    • 11 Şol gün Ýehowa halkynyň aman galanlaryny Assiriýadan+, Müsürden+, Patrosdan+, Kuşdan*+, Elamdan+, Şyngardan*, Hamatdan we deňiz adalaryndan+ halas etmek üçin ýene-de, ikinji gezek elini uzadar. 12 Ol milletler üçin bellik diker we ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny bir ýere jemlär+. Çar tarapa dargan ýahuda halkyny ýygnar+.

  • Ýermeýa 30:10, 11
    Mukaddes Kitap
    • 10 Gulum Ýakup, gorkma!

      Ysraýyl, heder etme!+ — Muny Ýehowa aýdýar.

      Sebäbi men seni uzak ýerlerden,

      Nesilleriňi sürgün edilen ýurtlaryndan halas ederin+.

      Ýakup yzyna dolanar, asuda hem parahat ýaşar,

      Olary gorkuzan bolmaz+.

      11 Men ýanyňda bolaryn, seni halas ederin».

      Muny Ýehowa aýdýar.

      «Seni milletleriň arasyna dargatdym.

      Indi ol milletleri ýok ederin+.

      Seni bolsa ýok etmerin+.

      Saňa temmi bererin, emma öte geçmerin,

      Ýöne jezasyz hem galdyrmaryn»+.

  • Hyzkyl 34:13, 14
    Mukaddes Kitap
    • 13 Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlaryň arasyndan ýygnap, öz ýurduna getirerin. Olary Ysraýyl daglarynda, çeşme-çaýlaryň boýunda we ilatly ýerlerde bakaryn+. 14 Olary al-ýaşyl örülerde, Ysraýylyň beýik daglarynda bakaryn+. Olar gök maýsaly meýdanda ýatarlar+. Ysraýyl daglarynyň al-ýaşyl örülerinde otlarlar“.

  • Amos 9:14, 15
    Mukaddes Kitap
    • 14 Ysraýyl halkymyň ýesir düşenlerini yzyna getirerin+.

      Olar haraba öwrülen şäherlerini dikeldip, onda ýaşarlar+,

      Üzüm ekip, şerabyny içerler+,

      Baglar ekip, miwesini iýerler“+.

      15 „Olary öz topragynda ekerin,

      Meniň beren ýurdumdan köki bilen sogrulmaz“+.

      Muny Ýehowa Hudaýyňyz aýdýar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş