-
Ýermeýa 43:10, 11Mukaddes Kitap
-
-
10 Soňra olara Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men gulumy+, Wawilon patyşasy Nawuhodonosory* çagyraryn we tagtyny gömlen daşlaryň üstünde goýaryn. Ol çadyryny şu daşlaryň üstünde diker+. 11 Ol gelip, Müsür ýurduna çozar+. Mergä höküm edilen mergiden gyrlar, sürgüne höküm edilen sürgüne gider, gylyja höküm edilen gylyçdan geçiriler+.
-
-
Ýermeýa 46:25, 26Mukaddes Kitap
-
-
25 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men Nog*+ şäheriniň Amon+ taňrysyndan, faraondan, Müsürden, taňrylaryndan+, patyşalaryndan hasabat soraryn. Faraona we oňa bil baglaýanlaryň ählisine+ jeza bererin“.
26 „Men olary janynyň kastyna çykan Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň we onuň gullarynyň eline tabşyraryn+. Şondan soň Müsür gadymy döwürde bolşy ýaly, ýene-de ilatly bolar — muny Ýehowa aýdýar+.
-