-
Danyýar 4:13—16Mukaddes Kitap
-
-
13 Uklap ýatyrkam düýşümde bir garawulyň, mukaddes perişdäniň* gökden aşak inip gelýändigini gördüm+. 14 Ol batly ses bilen şeýle diýdi: „Agajy kesiň+, şahalaryny çapyň, ýapraklaryny döküň we miwelerini çar tarapa pytradyň! Goý, haýwanlar aşagyndan gaçsyn, guşlar şahalaryndan uçsun. 15 Emma agajyň köküni sogurmaň, töňňesini demir we mis bilen baglap, otlaryň arasynda galdyryň. Ony gögüň çygy ýuwsun, haýwanlar bilen bile otlaryň arasynda galsyn+. 16 Ondan ynsan ýüregi alnyp, deregine haýwan ýüregi berilsin we ýedi döwür geçsin+.
-