-
Danyýar 4:23—26Mukaddes Kitap
-
-
23 Patyşa bir garawulyň, ýagny mukaddes perişdäniň+ gökden inip gelýändigini gördi. Ol şeýle diýdi: „Agajy kesip, ýok ediň, emma köküni sogurmaň, töňňesini demir we mis bilen baglap, otlaryň arasynda galdyryň. Ýedi döwür geçýänçä+, ony gögüň çygy ýuwsun, haýwanlar bilen bile otlaryň arasynda galsyn“. 24 Patyşahym, düýşüň ýorgudy we Allatagalanyň size çykaran hökümi şudur: 25 siz adamlaryň arasyndan kowlarsyňyz, haýwanlar bilen ýaşap, öküz kimin ot iýersiňiz, sizi gögüň çygy ýuwar+. Siz ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagalanyň höküm sürýändigine, patyşalygy islän adamyna berýändigine+ düşünýänçäňiz, ýedi döwür geçer+.
26 Töňňäni köki bilen sogurmaly däl diýen buýrugyň+ manysy şeýle: gökde Hudaýyň hökümdarlyk edýändigine düşüneniňizden soňra patyşalygyňyz ýene-de gaýtarylyp berler.
-